Arap syýahatçysy we geograf al Istahri (850 -
934) Nisa barada gürrüň beren mahalynda, X asyrda bu şäheriň şol wagtky Merwiň ýarsyna barabar
bolandygyny belleýär. Başga bir arap syýahatçysy we taryhçy al Makdisi (945 -
1000) Gündogaryň musulman şäherleriniň aglabasyna baryp görüpdir we şol ýerde
bolan mahalyndaky ýagdaýlar barada jikme-jik hasabatlary düzüpdir. Ol şeýle belleýär:
“Nisada gür baglar bilen gurşalan köçeleriň 70-si bar”. Onuň sözlerine görä,
“Nisa – giň, sagdyn, bol suwly we ýaýaşyş üçin amatly şäher, bu ýerde baglar
biri-birine ýanaşyk ösýär we datly miweleri berýär, esasy metjit owadan
bezelipdir, çörek örän ýakymly tagamly, bazar hatar-hatar görnüşinde ýerleşýär
we bu ýerde gymmatly we seýrek duşýan zatlara gabat gelmek bolýar”. Bulardan
başga-da, arap çeşmelerinde Nisada köp sanly hammamlaryň bardygy we bularyň
diwarlaryna nagyşlar şekillendirilendigi barada ýakymly sözler aýdylýar. Arap
syýahatçylarynyň ýene-de bir topary Nisany “Horasanyň galla mekany” diýip atlandyrypdyr.
XI-XII asyrlarda Nisa has ýokary derejede ösüş gazanypdyr, şonda bu şäher Beýik
Seljuklaryň döwletiniň düzümine goşulypdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça ilkinji
gezek Nisa gelen daşary ýurtlysöwdagärler we syýahatçylar, ilçileriň
wekiliýetleri (delegasiýalary) ozal görülmedik, belent, birgeňsi we öz
mertebesini saklaýan hem-de tutuş gadymy dünýäni bendi eden täsin bedewleriň
gözelligine haýran galypdyrlar. Bu daýaw we ajaýyp liniýaly bedewler Gadymy Rimde
“parfiýa atlary”, Hytaýda “behişdi bedewler” diýlip atlandyrylypdyr. Tanymal
rus taryhçysy A. Petrow şeýle belleýär: “Saklanyp galan ýazuw görnüşindäki
subutnamalar we gaýalaryň ýüzündäki gadymy şekiller atlaryň bu tohumyny häzirki
döwürde hakykatdan-da, ajaýyp ahalteke bedewlerine deňemegiň zerurdygyny
şek-şübhesiz äşgär edýär”.
Nisanyň
dürli görnüşdäki ýerli we başga ýerlerden getirilen harytlardan doldurylan
bazarlary dürli hyzmatlaryň berjaý edilýändigi üçin töleg we paçlar görnüşinde
şaheriň gaznasyna uly möçberde girdeji getiripdir. Bu ýerde dürli reňkdäki
zatlarda gözüň eglenýärdi: reňkli çadyrlarda täzelikde soýlan mallaryň eti,
tüwi, dürli görnüşdäki miweler, gawun-garpyzlar we başga ýurtlardan getirilen
del zatlar satylypdyr. Söwda edilýän hatarlar aýnadan we gönden ýasalan
zatlardan, küýzelerden doldurylypdyr. Zergärçilik we şekillendiriş sungatyna
degişli zatlar hödürlenipdir. Ýerli ussalar tarapyndan döredilen ajaýyp önümler
Aziýanyň we Ýewropanyň birgiden şäherlerinden gelen söwdagärlerde içgin gyzyklanma
döredipdir. Nisanyň bazarlary şäherdäki esasy ýerler bolupdyr, bu ýerlerde dürli
ýurtlardan gelen adamlar şäherliler, olaryň medeniýeti, gözel künjekler,
däp-dessurlar we adatlar barada täze we gyzykly maglumatlar bilen tanşypdyrlar.
Bu ýerlerde adamlar küşt oýnapdyr, aýdym-sazlar we şahyrlaryň düzen goşgulary
diňlenipdir, başga ýurtlardan gelen täjirler bolsa, täsin galdyrýan ýagdaýlar
we uzakdaky ýerlere täsirli syýahatlar barada gürrüň beripdirler. Nisanyň
bazarlarynda meşhur pafiýa halylaryna uly isleg bildirilipdir, bular Gündogar
we Ýewropa ýurtlaryndan gelen söwdagärler höwes bilen, satyn alypdyr. Söwda-pul
gatnaşyklarynyň ösüşi Nisanyň Gündogaryň ykrar edilen ykdysady merkezleriniň
birine öwrülmegine degerli ýardam beripdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ähli
ugurlarynda bu meşhur şäher baradaky gürrüňler ýaýrapdyr.
Orta asyrlarda Nisanyň senetçileri tarapyndan
ýüpekden, ýüňden, zygyrdan taýýarlan ajaýyp matalaryna Beýik Ýüpek ýolunyň
dürli ugurlarynda uly isleg bildirilipdir, şeýle hem bu matalar Kiçi Aziýa,
Eýrana, Müsüre, Ýewropadaky ýurtlara eksport edilipdir. VIII - IX asyrlarda
Nisada keramika sungaty ösüşiň iň ýokary derejesine ýetipdir. Bu ýerde köp
litlrik owadan amforalar (küýze görnüşli gaplar), däne saklamak üçin syrçaly
küýzeler, azyk önümleri, şerap we suw saklamak üçin syrça bilen örtülen
küýzeler öndürilipdir, iýmit üçin niýetlenen gaplara reňkli syrça çalnyp, “Şu gabyň
eýesine uzak ömür dileg edýäris” diýen ýaly sözler ýazylypdyr. Diýmek, gadymy
döwürde-de mahabat we harydy satmak boýunça marketologlar bolupdyr.
Nisa Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda esasy ýerleriň birine öwrülipdir, hut Nisa arkaly, köp sanly şäherler özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýupdyrlar. Kontinentleri baglanyşdyrýan uly ýol Nisa arkaly we şondan aňryk geçmek bilen birlikde, Ortaýer deňzindäki portlara eltipdir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň edebi işinde Nisanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşiniň taryhyndaky orny we ähmiýeti barada aýratyn bölümde beýan edilmegi ýöne ýerden däldir.
Ençeme asyr geçip, birgiden zatlar
geçmişde galdy, bu meşhur şäher öňden bäri ýok, ýöne onuň ýerleşen ýerinde
arheologlar tarapyndan ellin medeniýetine degişli täsin galdyrýan sungat we
arhitektura eserleri tapyldy, bular Nisanyň belentlige we şan-şöhrata eýe
bolandygyny äşgär edýän subutnamalar bolup durýar. Nisanyň ýadygärlikleriniň medeni
we taryhy gymmatlygy 2007-nji ýylda bu gadymy şäheriň galyndylarynyň
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy arkaly tassyklandy.