Loading...
Habarlar TÜRKMEN — ARAP SYÝAHATÇYLYK GATNAŞYKLARY Gülşat BAKYÝEWA
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary
10.03.2022

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyz­da we daşary ýurtlarda halkara derejesindäki çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä derejesinde mahabat­landyrmak üçin 2022-nji ýylyň 10-njy martynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisinde, Türkmenistanyň milli pawilýonynda syýahatçy­lyk ulgamyna bagyşlanan göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň «Aziýanyň merjeni», «Owadan syýahat», «Bag­tyýar dostlar» ýaly syýahatçylyk kärhanalary bilen bir hatarda Birleşen Arap Emirlikleriniň syýahatçy­lyk kärhanalary gatnaşdylar. Türkmenistanyň milli pawilýony «Türkmenistan — Bitaraplygyň meka­ny» atly şygar astynda çykyş edýär. Milli pawilýony­myza dünýä ýurtlaryndan gelýän resmi adamlar, işewürler we syýahatçylar tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär. Sergä gelýän myhmanlara beýleki pu­daklar bilen bir hatarda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkin­çilikleri barada maglumatlar yzygiderli berilýär.

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň hem-de BAE-niň syýahatçylyk kompaniýalarynyň özara gatnaşyklary, ýurdumyza dünýäniň çar künjegin­den syýahatçylary çekmäge hem-de syýahatçylyk ulgamy bilen tanyşdyrmaga uly mümkinçilikleri döreder. Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ýurdumyzyň gözel ýerlerini, ýokary derejedäki myhmanhana hyzmatlaryny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mahabat­landyrmaga hem-de daşary ýurtly jahankeşdeleri Türkmenistana çekmeklige uly ýardam berer.

Halkara derejesindäki maslahatlary geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bäh­bitli işleri hemişe rowaç bolsun!