1) Tokionyň ilaty 37 milliondan gowrak. Ýaponiýanyň paýtagty dünýädeiň uly şäher bolup, onuň ilatynyň gürlügi her inedördül kilometre, takmynan, 6 müň 224 adam düşýär. Şäheriň ykdysady ösüşi Ikinji jahan urşundan soň başlanyp, guramaçylykly zähmet arkaly dowam etdirilýär. Şäherözboluşly infrastrukturasy we ösen ulag ulgamy bilen tanalýar.
2) Deliniň ilaty 33 milliondan gowrak. Hindistanyň paýtagty ikinji orunda gelip, şäherde her inedördül kilometre 13 müň 700 adam düşýär. Deliösýän pudaklary we maýa goýumlary bilen migrantlary özüne çekýär.
3) Çunziniň ilaty 32 million adama deň. Hytaýyň iň uly şäherleriniň biri hasaplanýan Çunzin häzirki zaman binagärligi we ösen senagaty bilen meşhurdyr. Şäheriň ýokary iş haklary, ýaşaýyş jaýlarynyň arzanlygy we işlemek üçin oňaýly iş şertleri hytaýly ýaşlary özüne çekýär.
4) Şanhaýyň ilaty 29 milliondan gowrak. Ilatynyň gürlügi boýunça her inedördül kilometre 6 müň 340 adam düşýän bu şäher dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezlerinden biri hasaplanýar. Şanhaý şäherinde sebitiň iň uly deňiz porty ýerleşip, ol möhüm logistika merkezi hasaplanýar.
5) Dakkanyň ilaty 24 million adama deň. Bangladeşiň paýtagtynda her inedördül kilometre, takmynan, 22 müň adam düşýär. Dakkanyň ýaşaýjylary, esasan, öý hojalyk işleri bilen meşgullanýarlar. Dakkada taksi sürüjileriň sany 400 müňe ýetýär.
6) San-Paulunyň ilaty 22,8 million adama deň. Braziliýanyň bu iri şäheriniň ilatynyň gürlügi ýokary bolup, her indördül kilometre 7 müň 216adam düşýär. San-Paulu Latyn Amerikasynyň söwda we senagat merkezi hasaplanýar.
7) Kairiň ilaty 22 million adama deň. Müsüriň paýtagtynyň ilatynyň gürlügi her inedörül kilometre 19 müň adam düşýär. Hökümet bu şäherdäki ilatyň köp bölegini Kairiň töweregindäki täze şäherlere göçürmek bilen
baglanyşykly meýilnamalaryň üstünde işleýär.
8) Mehikonyň ilaty 22 milliondan geçýär. Her inedördül kilometrine 5 müň 270 adam düşýän Meksikanyň bu şäheri köp sanly meseleler bilen ýüzbe-ýüzdür. Şeýle-de bolsa, bu şäher ýurduň iň uly ykdysady we medeni merkezi bolmagynda galýar.
9) Pekiniň ilaty, takmynan, 22 million adama deň. Hytaýyň paýtagty içerki migrasiýasyny üstünlikli dolandyrýar we ýokary howpsuzlyk derejesini saklap, jahankeşdeleri we maýadarlary özüne çekýär. Şäheriň her inedördül kilometrinde, takmynan, 13 müň adam ýaşaýar.
10) 21 milliondan gowrak ilaty bolan Mumbaýyň her inedördül kilometrinde 22 müň adam ýaşaýar. Hindistanyň bu şäheri gözel ýerleri bilen köpleri özüne çekýär.