Loading...
Şahsyýetler Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy Ogulsona Gojaýewa
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy
20.10.2021
Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk ýubileýiniň dabaraly bellenýän “Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň her-bir güni toý dabaralara beslenýär. Bütin türkmen halky her ýylda Be­ýik akyl­da­ry­my­z Magtymguly Pyragyny hor­mat­lap, Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nini uly dabara bilen giň­den bel­läp geçýär. Magtymguly Pyragy takmynan 1737-nji ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda eneden dogulýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen, ýola goýulan asylly däbe görä, beýik akyldarymyzyň dogduk obasy Gerkez obasynda, tebigatyň ajaýyp Sumbar jülgesinde şyg­ry­ýetiň, halk döredijiliginiň baýramçylygy geçirilýär. 
Akyl­dar şa­hy­ryň öç­mez-ýit­mez eser­le­ri asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň ru­hy mi­ra­sy­na öw­rü­lip gel­di. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy dünýä medeniýetiniň genji hazynasyna uly goşant goşandyr. Onuň 300 ýyla golaý mundan ozal döreden gymmatly eserleri bu günki günde hem özüniň gymmatyny ýitirmän, eýsem dünýä halklaryny bir supra çagyryp, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup hyzmat edýär. Çünki Beýik şahyryň eserlerinde  umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklary, mähriban Watanyna, öz halkyna wepalylyk, päklik, gözellik, halkyň döredijilik güýjüne ynam öz beýanyny tapýar. “Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda,  Magtymgulynyň milli ylmyň, medeniýetiň we sungatyň ynsanperwerlik maksatlaryna ýugrulan goşgulary bagşylaryň aýdymlarynda, halkyň dilinde täze güýç bilen ýaňlanýar. Beýik şahyryň hormatyna “Magtymguly Pyragy” diýen medalyň döredilmegi hem türmen halkynyň oňa goýýan hormatynyň aýdyň mysalydyr.
Mag­tym­gu­ly­nyň şyg­ry­ýe­ti, ol gi­den bir um­man bo­lup, ony dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýe­tir­mek ug­run­da giň­den ta­gal­lalar edil­ýär. Şo­nuň üçin akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň dünýä halklarynyň dillerine terjime edilen eserleri olarda uly gyzyklanma döredýär. Türk­men hal­ky­nyň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy hal­ky­my­zyň asu­da, pa­ra­hat hem-de ag­zy­bir dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da gö­re­şen beýik şahsyýetleriň bi­ri­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ar­zuw­la­ry we pelsepeleri Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik öz­gert­me­ler bi­len saz­laş­ýar.
Be­ýik akyl­da­ryň dö­re­di­ji­lik ýo­ly, pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan goş­gu­la­ry, ili ag­zy­bir­li­ge, wa­tan­sö­ýü­ji­li­ge ça­gyr­ýan öwüt-ün­dew şy­gyr­la­ry bi­ziň şu gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýet­mek bi­len, hä­zi­re çen­li bir­nä­çe ede­bi­ýat­çy­lar ta­ra­pyn­dan öwrenildi we öw­re­nil­ýär. Şa­hy­ryň her bir se­ti­ri çuň ma­na ýug­ru­lan şy­gyr­la­ry­ny oka­nyň­da, onuň il­ki bi­len bir il bol­mak, ag­zy­bir bol­mak ug­run­da ta­gal­la eden­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy il-gü­nü­ni, Wa­ta­ny­ny di­ňe bir söý­mek bi­len çäk­len­män, onuň öz­baş­dak­ly­gy­ny sak­la­mak, ge­rek bol­sa ja­ny­ňy gur­ban et­mek ýa­ly wa­tan­çy­lyk pi­kir­le­ri hem öňe sü­rüp­dir. Şo­nuň üçin ol goşgularynda her ýi­gi­diň eder­men­li­gi­ni, mert­li­gi­ni Wa­ta­nyň, il-hal­kyň bäh­bi­di bi­len iç­gin bag­la­nyş­dyr­ýar. Ol hal­kyň er­kin dur­mu­şy ug­run­da gaý­rat­ly gö­re­şen ýi­git­le­ri wasp edip, ga­ra ne­bis­le­ri­ne hyz­mat eden na­mart­la­ry, gor­kak­la­ry bol­sa pug­ta ýaz­gar­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň sa­ýa­syn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de nus­ga­wy şa­hyr­la­ry­myza we olaryň döredijiline uly hormat goýulýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri, dür­li dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry hem aý­dyň su­but ed­ýär.