Aleksandr Sergeýewiç Puşkin 1799-njy ýylyn 6-njy iýunynda Moskwa şäherinde dworýan maşgalasynda dogulýar. Onun kakasy Sergeý Lwowiç Puşkin baý dworýan eken. A.S. Puşkinin ata-enesi aristokratik ýaşaýyş bilen meşgul bolandyklary üçin, ýaş çaganyň terbiýelenmegine üns bermändirler. Ony terbiýelemekde krepostnoý aýal Arina Rodionowna hyzmaty örän uludyr. Puşkin öz enekesini örän gowy görüpdir. Arina Rodionowna oňa ruslaryň her hili ertekilerini, aýdymlaryny aýdyp berýän eken. Şeýlelikde, Puşkin ýaşlygyndan halk poeziýasyny söýýär, ol fransuz dilini örän gowy öwrenýär. Kakasynyň kitaphanasyndaky kitaplar bilen gyzygyp, olary irginsizlik bilen okaýar.
A.S. Puşkin 1811-nji ýylyň tomsunda Sarskoýe Seloda ( häzirki Puşkin şäheri) dworýanlaryň çagalary üçin açylan liseýe okuwa giryar. Liseý mugallymlary Puşkiniň zehinliligini we onun poeziýa aýratyn höweslenýändigini aňlaýarlar. Ýaş Puşkin tiz wagtda liseýde okaýanlaryň arasynda özüni tanadýar. Kružoklara işeňňir gatnaşýar, şygyrlar düzmek bilen meşgullanýar. Liseýde onuň ýakyn dostlary, soň dekabrist bolan Puşşin we şahyrlar: Delwig, Kýuhelbeker dagy hem okaýar ekenler. A.S. Puşkiniň ilki şygyrlary liseýiň diwar gazet-žurnallarynda çykýar. 1814-nji ýylda “Westnik Ýewropy” atly žurnalda Puşkiniň «Şahyr dostum» diyen ilkinji goşgusy çap edilýär.
1815-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda liseýde kursdan kursa geçiriş ekzameni bolýar. Şol ekzamende beýik rus şahyry Deržawiniň ýanynda Puşkin özüniň «Sarskoe Seloda geçenleri ýatlama» diýen şygryny okaýar. Gartaşan Deržawin şonda «Ine, Deržawiniň ýerini tutjak adam» diýip aýdýar.
1817-nji ýylda Puşkin liseýi gutarýar. Puşkiniň liseýde okan döwründäki poeziýasy onuň ýaşlyk poeziýasydyr. Olarda söýgi, dostluk, rewolýusion duýgular çeper ýaňlanýar.
A.S. Puşkin liseýi gutaryp, daşary işler kollegiýasyna işe girýar. Şol edarada şahyr Griboýedow hem işleýar. Puşkin döredijilik işine aýratyn üns berýar. Ol liseýde okaýan wagty, başlan “Ruslan we Lýudmila” poemasynyň üstinde tutanýerlilik bilen işläp, 1820-nji ýylyň martynda ony çара berýar. «Ruslan we Lýudmila» poemasynyň çap bolup çykmagy mynasybetli rus şahyry Žukowskiý öz suratyny Puşkine ýadygärlik berýar we onuň aşagyna «Ýeňlen halypa özüniň ýeňen şägirdine bagyşlaýar” diýip ýazýar.
A.S.Puşkin 1820-nji ýylyň 6-njy maýynda Peterburgdan günorta tarapa Ýekaterinoslawa, soňra Kişinýowa sürgün edilýär. Puşkin günortada sürgünlikde dört ýyl ýaşaýar. Puşkiniň günortada bolan döwründe döredijiligi, esasan, söýgi, dostluk, filosofik temada bolýar. 1821-nji ýylda ol «Kawkaz ýesiri», 1823-nji ýylda «Bakjasaray fontany», 1824-nji ýylda bolsa «Syganlar» poemasyny ýazýar. Puşkin 1823-nji ýylyň maýynda XIX asyr Russiýa durmuşyny görkezýan dünya edebiýatynda ilkinji realistik eser bolan «Ýewgeniý Onegin» romanyny ýazmaga girişýar. A.S. Puşkin dostlarynyň kömegi bilen 1823-nji ýylyň iýulynda Odessa geçýar. Ol ýerde Noworossiýsk ülkesiniň generalgubernatory graf M.S. Woronsowyň kanselýariýasynda işleýar. Puşkiniň ýaşamagy kynlaşýar. Aleksandr I Puşkini gullukdan boşadyp, 1824-nji ýylda Pskow guberniýasynyň Mihaýlowskoýe diýen obasyna sürgün edipdir.
A.S. Puşkin 1824-nji ýylyň 30-njy iyulynda Odessadan gaýdyp, şol ýylyň 9-njy awgustynda Mihaýlowskoýe obasyna gelýar. Şol ýerde iki ýyl ýaşaýar. Şu dowürde onuň döredijiligi hasam ösýar, ol zähmetkeş halka has ýakynlaşýar, olaryň ýagdaýyny, durmuşyny öran gowy öwrenýar. Puşkin Mihaýlowskoýe obasynda bolan wagty «Ýewgeniy Onegin» romanynyň hem birnäçe baplaryny ýazýar.
A.S. Puşkin 1827-1828-nji ýyllarda «Ýewgeniý Onegin» romanynyň VII babyny, Pýotr I we onuň ýurdun medeniýetini ýokary götermekdäki hyzmatlary hakynda «Beýik Pýotruň araby» diýen powestini, 1828-nji ýylda «Poltawa» poemasyny, 1833-nji ýylda «Mis atly» poemasyny we birnäçe şygyrlaryny ýazýar.
A.S. Puşkin 1830-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Boldinodaky mülklerine gelenden soň, köp wagt geçmänkä, Moskwa bilen aralykdaky ýolda mergi keseli dörap, aragatnaşyk kesilýar. Şol ýylyň güýzüni Puşkin Boldinoda geçirmeli bolýar. Boldinony Puşkin örän gowy görýar. Şol güyz Puşkiniň döredijilik güýjüniň has ösen wagty bolupdyr. Boldinoda bolan güýzünde ol iň uly eseri bolan «Ýewgeniy Onegin» romanyny ýazyp gutarýar.
Puşkin N.N. Gonçarowa öylenenden soň, tiz wagtdan Moskwadan Peterburga göçýar. Ol daşary işler kollegiýasynda gulluga girýar. Onuň maşgalasy: iki ogly (Aleksandr, Grigoriý) we iki gyzy (Mariýa, Natalýa) bar ekeni.
1833-nji yylda Puşkin Pugaçýowyň döwri hakynda material toplamak maksady bilen dört aýlyk otpuska alýar. Ol Kazana, Simbirskä, Orenburga, Uralskä we Berdi stansiýasyna syýahat etmek bilen özüne gerekli materiallary toplaýar. Soňra Boldino gelip ýekelikde bir ýarym aý içinde «Balykçy we balyjak hakynda erteki», «Patyşanyň öli gyzy hakynda erteki», «Gara hal gyz», “Pugaçýowyň taryhy” diýen eserlerini ýazyp gutarýar.
Puşkiniň maşgala durmuşy has erbetleşýär. Onuň aýalyna atylan töhmetler, myjabatlar köpelýär. Nikolaý I fransuz emirgranty Dantesi Puşkiniň üstüne küşgürýär. A.S. Puşkin bilen Dantesiň arasyndaky duel 1837-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Peterburgyň etegindäki Çýornaýa Reçkada bolýar. Dueliň Şerti agyr bolupdyr. 10 metr aralykdan atyşmaly, eger-de ilki atyşyk netijesiz bolsa, duel dowam etdirilmeli ekeni. Iki tarap hem bellenilen ýerde durýar. Ilki Dantes atýar. Puşkin garnyndan agyr ýaralanyp, garyn üstüne ýykylýar we bar güýjüni toplap, garyn üstünde ýatan ýerinden çep tirseginiň üstüne galyp, Dantesi atyar. Emma Dantes ýeňil ýaralanýar. Köp gany akyp, ysgyndan gaçan Puşkini öýüne getirýarler. Puşkiniň hal-ýagdaýy gitdigiçe agyrlaşýar we 1837-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda (täze ýyl hasabyndan10-njy fewralynda) gündiz 2 sagat 45 minutda onuň yüregi urmasyny hemişelik goýýar.
Halk erkinliginiň arkadaýanjy bolan Puşkiniň ölümi bütin halky gaýga batyrýar. Puşkiniň tabytyny Mihaýlowskoýe obasyna äkidilip, Swýatogorsk monastyrynyň gonamçylygynda, ejesiniň mazarynyň golaýynda jaýlanýar