Loading...
Şahsyýetler SUNGATA BAGLANAN YKBAL "Medeniýet we syýahat" žurnaly
"Medeniýet we syýahat" žurnaly
06.08.2024

Türkmenistanyň heý keltaraşlygy, onuň häsiýetini kesgitleýän suratkeşler barada söhbet açylanda, sungatda asla öçmejek eserleri döreden Saragt Babaýewiň ady ýadyňa düşýär.  Onuň baý dö redijiligi — türkmen şekillendiriş sungatynyň täze sahypasyny açdy. Heýkeltaraş Garaşsyz Türkmenistanyň monumental heýkeltaraşlygynda ýyl-ýyldan täze hem täsirli eserleri dö redýär. Türkmen heýkeltaraşlarynyň ara synda Saragt Babaýew di ňe bir ussatlygy däl, eýsem, öz tö weregine ýaş zehinleri toplap bil ýän adam hök münde hem içgin tanalýar. Ussat heýkeltaraşyň işleýän us sahanasynda ýaş heýkeltaraşlar, nakgaşlar, küýzegärler tälim alýarlar. Ol uly göwrümli planetanyň daş-töweregine ýyl dyzlary ýygnan ýaly, ruhubelent, işeňňir ta lyplary öz ýa nynda jem leýär. Häzirki wagtda Saragt Ba baýewiň ussahanasy ýurdumyzyň meşhur sungat mekdebine öwrüldi. Ussat heýkeltaraş uzak ýyllaryň dowamynda kiçi göwrümli, monumental we haşam heýkeltaraşlygy ugrundan dürli eserleri döredip, taryhy şahsyýetleriň, serkerdeleriň, şahyrlaryň, syýasy işgärleriň monumental ýadygärlikleri hem-de ençeme portret keşpleri döretdi. Saragt Babaýewiň döreden naýbaşy eserleri diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň hem şäherlerini bezeýär. Ol Magtymguly Pyragynyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki, Stawropol ülkesindäki,Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki, ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez oba syndaky, «Magtymgu-ly Pyragy» muzeýiniň binasynyň öňündäki we başga-da bir näçe ýadygärlikleri döretdi. Milli heýkeltaraşlyk sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Saragt Babaýew ençeme döwlet sylaglary bilen sylaglandy.Ýaňy-ýakynda Köpetdagyň eteginde Türkmenistanyň halk su ratkeşi, ha lypa heýkeltaraş Saragt Babaýew Mag tymguly Pyragynyň 60 metr belentlikdäki uly ýadygärligini we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky daşary ýurtlaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň ýadygärliklerini ussatlyk bilen döretdi. Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny,ömrüni we dö redijiligini giňden wagyz etmek-de, ýaşlary dana Py ragynyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde, akyldar şahyryň ýadygärliklerini ussatlyk bilen döretmekde bitiren hyzmatlary uludyr.