Loading...
Habarlar JAN IÇINDE "Medeniýet we syýahat" žurnaly
"Medeniýet we syýahat" žurnaly
07.06.2024
Ýaýylar ganat-perler,
Hup açylar depderler,
Bölek-bölek kepderler
Hüw diýr harman içinde.
 
Bilbil aýdar: köşküm bar,
Bahar gözleşigim bar,
Gülzar üçin yşkym bar,
Bagy-bossan içinde.
 
Ýarganat diýr: ýa möwla!
Saldyň meni bu ýola,
Berme aý-güne, ýele,
Sakla pynhan içinde.
 
Anka aýdar: ýolçyýam,
Hüthüt aýdar: ilçiýem,
Süleýmana sawçyýam
Ýalan jahan içinde.
 
Bezgek galyp haýrana,
Haýran bakyp her ýana,
Dem-dem çykyp seýrana,
Gezer döwran içinde.
 
Durna aýdar: uçar men,
Bagdat suwun içer men,
Gyş Hindistan göçer men
Läle-zaran içinde.
 
Ishak aýdar: pakyr men,
Gullugymda hakyr men,
Hak ýadyny okyr men
Şam-Şebistan içinde.
 
Laçyn aýdar: joşumdan,
Mest boldum öz huşumdan,
Galdym taňry işimden
Bendi-zyndan içinde.
 
Turaç tili senada,
Ördek tili penada,
Gazlar galkyp howada,
Gözi umman içinde.
 
Gumrular awaz bilen,
Tawus işi näz bilen,
Kaknus guş müň saz bilen
Şol Hindistan içinde.
 
Toty guşlar razlaşyp,
Emri-hakny gözleşip,
Adam tilin sözleşip,
Gezer ynsan içinde.
 
Gurt aýdar: üzer men,
Nirden kylsam güzer men,
Ryzkym awlap gezer men
Çöl-beýaban içinde.
 
At aýdar: aslym zordur,
Munça gymmatym bardyr,
Üstüme münen ärdir
Dag-düz, meýdan içinde.
 
Düýe aýdar: otlar men,
Otlan ýerim ýatlar men,
Elmydama botlar men
Ol çölüstan içinde.
 
Ýedi ýer bolmuş bina,
Her zat okyr bir sena,
Otlar hem diýr: «rebbena!»
Nowruz-baran içinde.
 
Umytly bol Ýusup dek,
Sabyrly bol Eýýup dek,
Ger ugrasa Ýakup dek
Derdi-Kengan içinde.
 
Janym, jurga joş eýle,
Nebsim aýdar, hoş eýle,
Keremiňe duş eýle,
Taňla diwan içinde.
 
Magtymguly, özüňe,
Bak, ýaş getir gözüňe,
Aýyplaşmaň sözüme
Ýary-ýaran içinde.
 
                               Magtymguly Pyragy.