«Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň
beýik ogly dana şahyryň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günleri taryhy
wakalara beslenýär. Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň
ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş
dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyz we dabaranyň myhmanlary Magtymguly
Pyragynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýdular.
Tebigy belentlikde
gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, beýik akyldaryň «Türkmeniň» goşgusyndan
hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryndan
setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Dürli ýurtlaryň meşhur
nusgawy şahyrlaryň, dünýä belli akyldarlaryň heýkellerini bir ýere jemleýän
seýilgäh toplumyň binagärliginiň täsin bölegini emele getirýär. Bu bolsa dost-doganlygy,
halklaryň hoşniýetli gatnaşyklaryny ündän dana şahyryň ruhuna hormatdyr. Dabaranyň ahyrynda yşyklar, aýdym-saz bilen
utgaşdyrylan dronlaryň şüweleňi guraldy. Ajaýyp feýerwerk bolsa agşamky asmany
täsin şekiller bilen bezäp, dabarada ýatdan çykmajak pursat döretdi.