Loading...
Habarlar Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň otagynyň açylyş dabarasy boldy "Medeniýet we syýahat" žurnaly
"Medeniýet we syýahat" žurnaly
13.09.2024

    2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragynyň otagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Otagyň açylyş dabarasy 

    Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan Suhumi döwlet uniwersitetiniň işjeň gatnaşmagynda guraldy. Bu dabara türkmen wekiliýeti, şeýle-de uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, medeni-ynsanperwer ulgamynyň häzirkizaman türkmen-gruzin döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny hem-de medeni gepleşikleriň ornunyň we ähmiýetiniň häzirki döwürde barha ösýändigini belledi.

    Türkmen wekiliýetleri hem çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlige, parahatçylyga we agzybirlige çagyrýan ündewleriniň häzirki wagtda adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatly mirasydygyny bellediler.

   Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Z.Honelidze hem çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň otagynyň açylmagy geljekde gruzin halkynyň türkmeniň taryhy, medeniýeti we däp-dessury bilen has içgin tanyşmaklaryna ýardam berjekdigini belledi.

     Dabaranyň soňunda türkmen bagşy-sazandalary türkmen milli sazlary ýerine ýetirdiler.