Loading...
Habarlar Türkmen – Hytaý syýahatçylyk duşuşygy "Medeniýet we syýahat" žurnaly
"Medeniýet we syýahat" žurnaly
13.09.2024

    2024-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda senede Türkmenistanyň Medeniýet ministrilignde Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik Partiýasynyň Haýnan prowinsiýasynyň Partiýa Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary Şen Danýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen iş duşuşygy geçirildi.

    Duşuşyga Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.

    Duşuşykda myhmanlara Türkmenistana iş sapary bilen gelendikleri barada hoşallyk sözleri aýdyldy. Myhmanlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda Syýahatçylyk müdirliginiň hereket edýändigi, ýurdumyzda syýahatçylyk kärhanalarynyň hereket edýändigi, olaryň daşary ýurtly kärdeşleri, şol sanda hytaýly syýahatçylyk kärhanalary bilen işleşýändikleri barada aýdyly. Şeýle-de Hytaýdan gelen myhmanlara ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, şol sanda taryhy ýadygärliklere baýdygy barada aýdyldy we hytaýly syýahatçylary ýurdumyza gelip görmäge çagyryldy.

    Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik Partiýasynyň Haýnan prowinsiýasynyň Partiýa Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary Şen Danýan öz gezeginde özleriniň Hytaýyň syýahatçylyk ýeri bolan Haýnan adasynyň tebigy gözelligi barada aýtmak bilen özleriniň syýahatçylyk tekliplerini, ýagny Haýnana her ýylda 100 million adamyň gelip görýändigi, şol sanda olaryň 1 millonysynyň daşary ýurtly syýahatçylardygyny belläp geçdi. Ol Türkmenistandan syýahatçylar Haýnana gelip görmäge isleg bildiren ýagdaýlarynda wizalary ýeňilleşdirilen görnüşe geçirmegi öwrenmek mümkinçilikleri, şeýle hem medeni gumanitar ugur barada aýtmak bilen, Pekin uniwesitetiniň şahamçalarynyň Haýnanda ýerleşýändigi olarda türkmen ýaşlarynyň okamak mümkinçilikleri barada aýtdy.