Loading...
Habarlar YKLYMLARA TARAP GADAM BASÝAN DOSTLUK "Medeniýet we syýahat" žurnaly
"Medeniýet we syýahat" žurnaly
10.11.2023

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabry – 2-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk we amaly-haşam sungatynyň sergisi, şeýle-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçirilen medeni çärede iki goňşy ýurduň syýahatçylyk kärhanalarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýan pawilýonlar ýerleşdirilip, dabara gatnaşyjylar syýahatçylyk pudagynda ýetilen belent sepgitler bilen tanşyp, amaly-haşam sungatynyň eserlerini synladylar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen bu sergide Türkmenistandaky hereket edýän birnäçe syýahatçylyk kärhanalary bilen bilelikde, «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň döredijilik topary hem öz syýahatçylyk mümkinçiliklerini hödürledi.

Syýahatçylyk islendik döwletiň ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň biri bolmak bilen, ýurdumyzda bu ugry ösdürmekde uly işleriň durmuşa geçirilýändigine göz ýetirýärsiň.

Serginiň dowamynda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýäniň ösen ýurtlarynda mahabatlandyrmak we syýahatçylary ýurdumyza çekmek, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän doganlyk ýurtlar bilen syýahatçylyk gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmak üçin ikitaraplaýyn şertnamalar baglaşyldy.

Dostlukly ýurduň syýahatçylyk we amaly-haşam sungatynyň sergisi hem-de türkmen-eýran sungat ussatlarynyň konserti medeniýetdir sungat sergisi arkaly halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da rowaçlanýandygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi.