«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak, dana Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak hakynda tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň taryhy ähmiýetini edebi eserlerde çeper wasp etmek maksady bilen, «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň redaksiýasynyň yglan eden döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bu bäsleşigiň esasy maksady, dana şahyrymyzyň döredijilik dünýäsine içgin aralaşmak we öz pikiriňi çeper beýan etmek, döwrümiz bilen baglanyşdyrmak, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda raýatlarymyzyň arasynda ilkinji gezek geçirilýän bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli edarakärhanalarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan, zähmet çekýän dürli kärdäki adamlar gatnaşdy.
Redaksiýamyza gelip gowşan ençeme makalalaryň arasyndan ähmiýetliligi hem-de manylylygy bilen tapawutlanýan alty sany eser saýlanyp alyndy. 1 Baş baýrak, 1 sany birinji orun, 1 sany ikinji orun, 1 sany üçünji orun we 2 sany höweslendiriji baýrak göz öňünde tutuldy. 2024-nji ýylyň 16- njy oktýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň redaksiýasynda döredijilik bäsleşiginde üstünlik gazanan ýaşlara gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olara döredijilik dünýäsinde uly üstünlikler, rowaçlyklar arzuw edildi.
«YNSAN KALBYNYŇ ÖÇMEJEK NURY» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI
BAŞ BAÝRAK
Gülşat Pirjanowa - Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, «Akyl gämisinde syýahat» atly makalasy üçin;
1-NJI ORUN
Leýla Halnepesowa - Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň talyby, «Magtymguly - ynsan kalbynyň ruhy lukmany» atly makalasy üçin;
2-NJI ORUN
Selim Rasulow - Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby, «Ýagty ertirlere atarýan ýadygärlik» atly makalasy üçin;
3-NJI ORUN
Bägül Geldiýewa - Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Şygyrlary dillerimiziň senasy» atly makalasy üçin;
HÖWESLENDIRIJI BAÝRAGA MYNASYP BOLANLAR
Şemşat Geldiýewa - Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, «Magtymgulynyň şygyrlarynda terbiýeçiligiň milli ýörelgeleri» atly makalasy üçin;
Gülperi Merdangeldiýewa - Magtymguly adyndaky türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby, «Ähli eýýamlaryň we ynsanlaryň şahyry» atly
makalasy üçin