Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek baradaky
maksatnamalary durmuşa geçirmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwrüniň şu gününi we geljegini dünýä ýüzüne aýan etmek, taryhy we medeni ýerleri bilen
raýatlarymyzy hem-de daşary ýurtly jahankeşdeleri tanyşdyrmak boýunça alyp barýan
syýasatyny doly goldap, «Azady» hususy kärhanasy hem ygtyýarnama esasynda 2019-njy
ýylda döredilen gününden bäri syýahatçylyk işlerini amala aşyrýar.
Bu kärhanada ýokary derejeli iş tejribeli hünärmenler hem-de rus, iňlis, türk, arap we pars
dillerini bilýän dilmaçlarymyz we ýolbeletlerimiz zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň
raýatlaryny daşary ýurtlarda dynç almaga we syýahat etmek üçin jahankeşdeleriň isleglerini
nazara alyp ýörite syýahat bukjalary hödürlenýär.
Jahankeşdelerimiz üçin bolsa, dünýäde iň arassa, adam synasy we saglygy üçin zerur
bolan ýoda baý Hazar deňzini etekläp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky
ýerleşýän kaşaň myhmanhanalarda dynç almak, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryndaky
gadymy we baý taryhy hem-de medeni ýadygärlikleri bolan - gadymy Merwe, Köneürgenje,
Köýtendaga, Derwezedäki «Garagum ýalkymyna», Dehistana, Nusaý galasyna we beýleki
gözel ýerlerimize syýahat ugurlaryny gurnaýar.
«Azady» hususy kärhanasy, ajaýyp tebigatymyz bilen jahankeşdeleri ýakyndan
tanyşdyrmak üçin, häzirki wagtda birnäçe täze syýahatçylyk ugurlary taýýarlap hödürleýär.
Biziň gurnaýan gezelençlerimiz we syýahatlarymyz islendik raýatyň durmuşynda ýatdan
çykmajak pursatlara öwrüler diýip ynanýarys.
Biz bilen ýatdan çykmajak dünýäniň gözel küjeklerine syýahat ediň !
Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Parahat 2/2, 8A.
+99365 71 47 69 +99364 40 05 25
azadyturkmenistan@gmail.com
www.azady.co.tm