Häzirki
döwürde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli
däpleri we olaryň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary
bolup durýar. Ýurdumyzda syýahatçylyk kärhanalarynyň ençemesi hereket edýär.
Olar Türkmenistanyň gözel tebigaty, taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşmak
isleýän her bir syýahatçy üçin gezelençleri, şeýle-de täjirçilik duşuşyklaryny gurnamak,
myhmanhanalary we petekleri bronlamak boýunça hyzmatlaryň dürli görnüşlerini amala
aşyrmakda öz hyzmatlaryny hödürleýär. «Dag syýahat» hojalyk jemgyýeti hem şeýle
syýahatçylyk kärhanalarynyň biridir.
Ol 1998-nji
ýylda esaslandyrylýar. Döredilen gününden, häzirki güne çenli bu kärhana
raýatlarymyza we daşary ýurtly jahankeşdelere ýokary hilli syýahatçylyk
hyzmatlaryny amala aşyryp gelýär. Oňa mysal edip: Hytaý Halk Respublikasyndan,
Günorta Koreýadan, Awstriýadan, Ýaponiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýa
Federatiw Respublikasyndan, ABŞ-dan we beýleki birnäçe döwletlerden, ýurdumyza
gelýän syýahatçylar üçin gyzykly gezelençler guralýar.
Bu
kärhana häzirki wagtda içerki syýahatçylyk ugry boýunça hem yzygiderli işleri
alyp barýar. Ýurdumyzyň keramatly ýerlerine zyýarat etmek isleýän raýatlaryň
isleglerini kanagatlandyrýar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň gyzgalaňly döwründe
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak isleýän raýatlar üçin
hyzmatlaryň dürli görnüşlerini amala aşyrýar.
Biziň ýurdumyzda «Syýahat etsem — dünýäni görsem»
diýýän her bir raýatyň hyýalyndaky arzuwlaryny durmuşa geçirmeklik üçin ähli
mümkinçilikler döredilendir. «Dag syýahat» hojalyk jemgyýeti bütindünýä internet tornuň üsti bilen
müşderilerini öz hyzmatlary baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryp köpugurly
hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistana ýa-da daşary ýurtlara syýahat etmek
boýunça özüňizi gyzyklandyrýan islendik maglumaty «Dag syýahat» hojalyk
jemgyýetiniň «dagtravel.com»
web-sahypasyna ýüzlenip tapyp bilersiňiz!