Loading...
Habarlar Pozan şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi "Medeniýet we syýahat" žurnaly
"Medeniýet we syýahat" žurnaly
25.11.2024

   23-25-nji noýabry aralygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň magtymgulyşynas alymlaryndan ybarat Türkmen wekiliýeti Polşa Respublikasynyň Poznan şäheriniň Aragatnaşyk we menejment uniwersiteti tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän “Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi we filosofik mirasy - Aziýa we Ýewropa sebitleriniň arasynda medeni köpri hökmünde” atly halkara maslahaty geçirildi.

    Polşa Respublikasy Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýewropa dillerine terjime edilen ilkinji döwletidir. 1842-nji ýylda polşaly alym Aleksandr Hodzko şahyryň terjimehalyny hem-de üç sany goşgusyny Londonda «Magtymguly türkmeniň üç aýdymy» ady bilen iňlis dilinde çapdan çykarýar we Ýewropa ýaýradýar