Loading...
Habarlar Ussadyň ýubileý sergisi açyldy "Medeniýet we syýahat" žurnaly
"Medeniýet we syýahat" žurnaly
22.11.2024

     Bekarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Möjek Çaryýewiň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy döredijilik sergisi açylýar.

    Sergide, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Möjek Çaryýewiň eserlerinden: «Aşgabat seýilgähi», «Köýtendagda», «Obada», «Oba durmyşy», «Dadymy Merw», «Köw-Ata», «Kerwen», «Soltan Sanjar», «Ýanbaş çeşme», «Köne Nusaý», «Gurtlyň köli», «Garry ene», «Okuwçy gyzjagaz», «Balykçy aýal», «Aziýada 2017», «Jennet bagy», «Tüweleý», «Tozanly gün», «Ýolagçy», «Könürgenç», «Sibir obasy», «Türkmen gyzyň keşbi», «Kölde» ýaly eserleri bolup, sergide suratkeşiň 115-den gowrak işleri bolup, olardan nakgaş sungat eserleri görkeziler. Bu sungat eserlerinde bagtyýar zamanymyzyň waspy, oba durmyşy, peýzaž, owadan gözel tebigatymyz bilen baglanşykly     däp-dessurlarymyz, gözelligi bilen tapawutlanýar.

    Sergi öz işini 10 gün dowam eder.