Loading...
Şahsyýetler Sahna ussady "Medeniýet we syýahat" žurnaly
"Medeniýet we syýahat" žurnaly
08.12.2023

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti, gülki äleminiň ýyldyzy Gülşat Meňliýewanyň tebigy zehini, üznüksiz zähmeti, söýgini talap edýän bu sungatyň ummanyna aralaşanyna ep-esli wagt geçen hem bolsa, onuň şol juwanlygy, şadyýanlygy.

«Ýylgyrýan ýüze ýygyrt düşmez» diýlişi ýaly, külterlenip geçen ýyllar onuň sadadan nurana meňzini durlandyryp, ýatlamalar kitabynyň sahypalaryny döredilen keşpler, unudylmajak wakalar bilen bezäpdir.           

Sahna ussadynyň teatr sahnasynda «Magtymguly Pyragy», «Yşgyň gämisi», «Ependi sen kim?», «Hüwdi», «Alty gelin», «Gyrat» hem-de «Görogly we Agaýunus» sahna eserlerinde janlandyran biri-birinden özboluşly keşpleri üýtgeşik başarnygyny, yhlasyny iş ýüzünde şöhlelendirdi. Artistiň tebigatyndaky bahasyz gymmatlyk hasaplanýan ýiti, sagdyn nazar, ynanç, guýmagursak zehin ony üstünligiň ak ýollaryna atardy.

 

Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşat Meňliýewanyň degişmelerinden

 

– Ezizim, doglan günüňe nähili ysly atyr alyp bereýin — diýip, adamsy aýalyna ýüzlenýär.

Şonda aýaly:

– Maňa alma, ülje, şetdaly ysly... diýip sanap başlapdyr.

Adamsy hem:

– Sen näme olary üstüňe sepinjekmi ýa-da olardan mürepbe gaýnatjakmy – diýip, geňirgenipdir. 

***

Aýaly adamsyna ýüzlenip:

– Mähribanym, sen meni günde düýşüňde görýärmişiň, şeýlemi — diýýär.

Adamsy bolsa:

– Keýwany, meniň beýle gorkunç düýşleri görmeýänimi sen oňat bilýärsiň ahyry — diýip, jogap beripdir.