Türkmenistan
döwletimiziň paýtagty Aşgabadyň özboluşly hem gadymy taryhy bar. Bu ajaýyp
şäher Köpetdagyň etegindäki giň düzlükde, deňiz derejesinden 214-240 metr
belentlikde ýerleşýär. Onuň günorta tarapyny Köpetdagyň ajaýyp hem belent dag
gerişleri gurşaýar, demirgazyk tarapyny bolsa Garagum çöli tutýar.
XVIII asyrda
Ashabat (Aşgabadyň köne ady) obasy Ahal-Gökdepe oazisinde iň bir ilatly ýere
öwrülýär. Aşgabat şäheriniň döremegi resmi ýagdaýda 1881-nji ýyl bilen
senelenýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz
tagallasynyň netijesinde, ýurdumyzyň çar künjegi, şol sanda ak şäherimiz
Aşgabat giň gerimde rowaçlanýan ajaýyp binagärlik keşbi, dünýä
jahankeşdelerini haýrana goýýan döwrebap durmuş-medeni maksatly desgalary
bilen tapawutlanýar. Aşgabat şäherindäki ähli amatlyklary bolan
ýaşaýyş jaýlary, kaşaňlygy bilen biri-birinden tapawutlanýan owadan
myhmanhanalar, göwünleri galkyndyrýan
täsin suw çüwdürimler, gözel seýilgähler, gije-gündiz ýalkym saçyp duran, gül-güläleklere
beslenen ak ýollar bu günki gün halkymyzyň
buýsanjyna, ýakyn-alysdan gelýän syýahatçylaryň guwanjyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy
esasynda Aşgabat şäherimiz ýurdumyzyň esasy syýasy, ykdysady we
medeni merkezine öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara işewürliginiň, hyzmatdaşlygynyň
daşary ýurtly syýahatçylaryň gelim-gidimli merkezine öwrüldi. Milli Liderimiz
paýtagtymyzdaky her bir gurluşyk
taslamasynyň binagärlik aýratynlyklarynyň milli däplerimiz esasynda
gurulmagy ugrunda uly tagallalar edýär.
Ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýynda
Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi, Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde
öz beýanyny tapan oňyn özgertmeleriň gerimini äşgär edýär. Paýtagtymyzyň
ak mermerden bina bolýan keşbi – ak bagtymyzyň beýany. Çünki Aşgabat
– ajaýyplygyň şäheri.
Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan
Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly
döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Amala aşyrylýan giň
gerimli işler ýurdumyzyň syýasy,
durmuş-ykdysady, ylym-bilim, syýahatçylyk, sport hem-de medeni
merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Paýtagtymyzda
halkara derejesindäki möhüm çäreleri
geçirmek üçin ähli şertlere eýe bolan häzirki zaman binalar şäheriň
keşbiniň şu günki aýratynlygydyr.
Gün-günden gözelleşýän paýtagtymyz
Aşgabat şäheri özüniň milli binagärlik äheňindäki häzirki zaman
ymaratlary bilen jahankeşdeleriň kalbyna şatlyk çaýýar. Deňi-taýy
bolmadyk binalardyr-ymaratlaryň, köp sanly muzeýlerdir, sergileriň
we teatrlaryň utgaşykly sazlaşygy paýtagtymyzyň myhmanlarynyň
ünsüni özüne çekýär. Dünýä standartlaryna laýyk hyzmatlary
hödürleýän bäş ýyldyzly myhmanhanalar paýtagtymyza gelýän syýahatçylary
we beýleki myhmanlary mähir bilen garşy alýar.
Gözelligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýan türkmen paýtagty
birnäçe gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Olaryň arasynda ýurduň Baş muzeýiniň öňündäki meýdançada oturdylan
beýikligi 133 m bolan depesinde milli baýdagymyz pasyrdap duran baýdak sütüni,
Aşgabadyň halkara howa menziline sowulýan çatrykdaky ägirt uly suw çüwdürimli
toplumy, Oguz hanyň ýyldyzy şekilindäki “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar
merkeziniň belent binasy, “Älem”
medeni-dynç alyş merkeziniň tegelek şekilli syn ediş meýdançaly binasy, Türkmenistan dünýäde iň uly elde dokalan
haly üçin Ginnesiň rekordlar Kitabynynyň sertifikatyna mynasyp boldy,
Aşgabat şäheri ak meremere örtülen jaýlaryň iň köp sanlysynyň bir
ýerde jemlenen mekany diýlip ykrar edildi, şeýle-de Olimpiýa stadionynyň münberini
bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň
suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz
hökmünde, 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda “Aşgabat” köpugurly stadionynda
geçen welosport boýunça okuw sapagy bolsa «Welosiped sporty boýunça
iň köpçülikleýin sapak» hökmünde dünýäniň rekordlarynyň sanawyna girdi. Biziň paýtagtymyz özüniň beýleki
binagärlik ymaratlary üçin halkara baýraklarynyň ýene-de birnäçesiniň
eýesidir.