Türkmen halkynyň söýüp okaýan ussat
şahyrlarynyň biri Kerim Gurbannepesowdyr. Halkyň hemmä düşnükli ýönekeý dilinde
çeper eserleri döreden Kerim şahyr 1929-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe
etrabynyň Ýylgyn obasynda dünýä inýär. Kerim Gurbannepesow obalaryndaky ýediýyllyk
mekdebinde okaýar, çagalygyndan çeper sözüň yşkyna düşýär.
Kerim Gurbannepesow heniz okuwçyka diňe türkmen awtorlarynyň däl, eýsem, şol
döwürde türkmençä geçirilen dünýä edebiýatyndan Puşkiniň, Nekrasowyň eserleri
bilen bilelikde «Tom Soýeriň başdan geçirenleri», «Dombi hem ogul» ýaly
kitaplaryň ençemesini okaýar. Kakasynyň aýdyp bermeginde 1939-njy ýylyň
tomsunda Magtymgulynyň tutuş goşgular ýygyndysyny eli bilen göçürip almagy oňa
aýratyn täsir edýär. Şeýlelikde, Kerim Gurbannepesowyň çagalar hem mekdep
okuwçylary üçin dürli ýyllarda «Ýalta we bagt», «Maşgala we mekdep», «Atalar we
çagalar», «Ös, saçym, ös», «Ýaz şemaly» ýaly ululy-kiçili şahyrana kitaplary
peýda bolýar.
Şahyryň 1957-nji ýylda «Goşgular we poemalar» ady bilen neşir edilen ýygyndysy
türkmen edebiýatyna uly zehiniň gelip goşulandygyny äşgär edýär. Şahyr bulardan
başga-da «Ata we ogul», «Ajy günler, süýji günler», «Kyrk», «Gumdan tapylan
ýürek», «Aýal bagşy», «Parahatlyk ilçisi», «Ynsan bilen ynsap» kimin elden
düşürilmän okalýan kitaplary talapkär okyjylara hödürleýär. Kerim
Gurbannepesowyň goşgularynyň köpüsine ýurdumyzyň meşhur kompozitorlary,
bagşy-sazandalary saz ýazdy. Olar halk aýdymyna öwrüldi.
Şahyr Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary, Magtymguly
adyndaky döwlet baýragyny bermek baradaky komitetiniň başlygy wezipelerinde
işledi. Ol heniz 38 ýaşyndaka «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ada
eýe boldy. Soňra ol eserleri üçin, Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp
boldy. Kerim Gurbannepesow sözüň doly manysynda «Şahyr» diýen juda jogapkärli
hem hatyraly sözüň hakyky eýesi bolup ýaşan hem döreden bagtly şahyrdyr.