Loading...
Şahsyýetler Babasary Annamyradow Syýahat žurnaly
Syýahat žurnaly
22.10.2021

Babasary Annamyradow 1941-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda eneden bolýar. Ol orta mekdebi tamamlap, 1959–1963-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde okaýar. Babasary Annamyradow 1965–1970-nji ýyllar aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki Ostrowskiy adyndaky Teatral-çeperçilik institutynda okaýar. 1971-nji ýylda SSSR-iň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Türkmen halkynyň taryhynda uly yz galdyran beýik şahsyýetleriň keşpleri, sungat we medeniýet işgärleriniň portretleri, antik sungatynyň äheňleri, pelsepewi garaýyşlary şöhlelendirýän taslamalar–bularyň ählisi heýkeltaraşyň ylham çeşmesidir.
Aşgabat şäherinde Garaşsyzlygyň 9 ýyllygy mynasybetli açylan Garaşsyzlyk binasynyň daş-töweregindäki seýilgähde monumental heýkel eserleri, Bitaraplyk binasyndaky, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky, «Ylham» seýilgähindäki dürli heýkelleri şu günki gün türkmen monumental heýkeltaraşlyk sungatynyň hem ösüşiniň anyk beýanydyr. 1977-nji ýylda «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi», 1980-nji ýylda Zeliliniň suratyny döretmek boýunça bäsleşigiň yeňijisi, 1986-njy, 1999-njy ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, 1990-njy ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk suratkeşi», 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 1997-nji ýylda «Galkynyş» ordeni, 1999-njy ýylda «Gaýrat» medaly, 2001-nji, 2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisi bolýar. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hormatly doktory alymlyk ady dakyldy. 
2017-nji ýylda B.Annamyradowa «Türkmenistanyň hormatly Il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakylýar.