Onuň ähli ýerlerinde diýen ýaly syýahatçylar ajaýyp görnüşlerden lezzet alýarlar. Şonuň üçin-de Beýik Hytaý diwarynyň Dünýäniň Täze Ýedi Täsinlikleriniň sanawyna girmegi geň galarlyk däldir. Mundan başga-da, ol ÝUNESKO-nyň dünýä mirasyna giren Hytaý desgalarynyň birisidir.
Bu binagärlik ýadygärligi Hytaýyň demirgazyk böleginde ýerleşýär, resmi maglumatlara görä, onuň uzynlygy 21,196.18 km barabardyr, taryhy bolsa 2300 ýyldan bäri gaýdýar.
Hytaý Halk Respublikasyna baranyňyzda Beýik Hytaý diwary siziň hökmany suratda baryp göräýmeli ajaýyp ýerleriňiziň birisidir.
Beýik Hytaý diwary ajaýyp syýahatçylyk ýerleriniň birisi hökmünde açylandan bäri onuň dürli böleklerinde ýüz millionlarça syýahatçylar baryp gördüler. Badalin bölegi iň bir köp barylýan ýeri hasaplanylýar, diňe 2001-nji ýylda bu ýere 63 000 000 sany adamlar gelipdir. Gyzgalaňly möwsümde syýahatçylaryň akymy gününe 70 000 adama ýetip biler!
Beýik Hytaý diwary adamzat taryhynda iň ägirt edermenlikdir, ol taryhda iň dowamly gurluşyk taslamasydyr we adam ömürleriniň, ganynyň, maňlaý deriniň we gözýaşlarynyň ägirt uly bahasy bilen amala aşyryldy. Ol hakykatdan hem Dünýnä Täsinlikleriniň arasynda we ÝUNESKO-nyň Bütidünýä Mirasynyň sanawynda öz ornuna mynasypdyr.
Beýik Hytaý diwarynyň (hytaý dilinden sözme-söz terjimesi – “Uzyn Diwar”) uzak taryhy bar – 2 müň ýyldan geçýär. Ol dürli sebitlerde dürli döwletler, dinastiýalar tarapyndan çäk serhetlerini goramak üçin gurlupdyr.
Beýik Hytaý diwaryny Sin dinastiýasynyň birinji imperatory gurupdyr diýip köplenç aýdýarlar. Hakykatda ol diwary ilkinji bolup durup başlamandyr.
Beýik Hytaý diwaryny demirgazykda çozuşlardan goramak üçin, şeýle hem Beýik ýüpek ýoluny goramak üçin gurupdyrlar.
Han dinastiýasy döwründe imperatorlar Beýik Hytaý diwaryny giňeldipdirler. Beýik Hytaý diwaryny gurluşygyna paýhaslylyk bilen çynlakaý çemeleşipdirler. Gynansak-da, köp adam pidalarynyň bolandygyny hem bellemek gerekdir. Adamlary maşgalasyndan aýrypdyrlar, işçileriň köpüsi wepat bolupdyr we gurluşygyň ugruna jaýlanyp, Beýik Hytaý diwarynyň bir bölegine öwrülipdirler. Ony işçiler, esgerler, daýhanlar, pitneçiler gurupdyrlar. Materiallar hökmünde daşlary, topragy, çägäni we kerpiji ulanypdyrlar. Materiallary daşamak gol güýji bilen, tanaplaryň, eşek arabalarynyň kömegi bilen amala aşyrylypdyr.
Beýik Hytaý diwary diňe bir diwar bolmandyr. Ol synlamak üçin gözegçilik diňleri, serkerde nokatlary we maddy-tehniki üpjünçilik üçin galalary, duýduryş, aragatnaşyk we başga maksatlar üçin niýetlenen diňleri bolan ulgamlaýyn harby gorag toplumy bolupdyr.
Beýik Hytaý diwarynyň her bir 500 metrinde ýa-da ondan az aralykda gorag diňleri ýerleşýärler, olar goranýanlara çozýanlaryň üstünden peýkam oklaryny ýagdyrmaga mümkinçilik berýärler.
Beýik Hytaý diwarynyň wagtyň geçmegi bilen tozmagynyň, weýran bolmagyny öňüni almak üçin Hytaýyň hökümeti onuň goragy boýunça çäreleri görüpdir, Beýik Hytaý diwaryny goramak boýunça Kanunlar kabul edilipdir hem-de goramak, dikeltmek we hyzmat etmek boýunça gaznalar döredilipdir.
Her bir adam Beýik Hytaý diwarynyň goragy boýunça elinden gelen kömegi berip biler, meselem, Diwaryň ugryna geçýän ýapgytlary berkitmek üçin daragtlary oturtmak bolar.
Tebigy eroziýanyň netijesinde Beýik Hytaý diwarynyň takmynan 2000 km ýa-da 30% berbat bolupdyr.
Hytaýyň iň bir tanalýan nyşanlarynyň ajaýyplygy hytaý medeniýetiň ägirt taslamalaryna milli guwanjy bilen begenmek bilen çäklenmän, eýsem adam eli bilen döredilen gadymy binagärligiň oýlap tapyjylyk we beýleki aýratynlyklary bilen tanyşmaga ýardam edýär.