Loading...
Syýahatçylyk desgalary Nýu-Ýork şäheriniň Merkezi seýilgähi "Medeniýet we syýahat" žurnaly
"Medeniýet we syýahat" žurnaly
24.09.2024

   Nýu-Ýork Demirgazyk Amerikanyň merkezi şäheridir. Bu ýer köptaraply ajaýyp görnüşi bilen tapawutlanyp, köp sanly gözel ýerleriň mekanydyr, olaryň biri Merkezi seýilgähdir. Her gezek ol ýerde bolanda adamlar şäheriň dinamiki atmosferasyndan lezzet alýarlar. Manhetanyň 59-njy we 110-njy köçeler bilen Bäşinji we Sekizinji şaýollaryň arasynda Merkezi seýilgäh ýerleşýär we onuň meýdany 3,4 km². Merkezi seýilgähiň kartasyna seretseňiz, adatça ullakan emeli suw howdany bilen iki bölege bölünýär. Seýilgäh suw çüwdürimleri, aýdym-sazly sagady, heýkeller we ýadygärlikler, açyk howa teatry, gurjak teatrlary, haýwanat bagy, gala, Metropoliten häzirki zaman sungat muzeýi we başga-da birnäçe gözellikleri özünde jemleýär.

   Şeýle-de gaýykda ýüzmek arkaly, suw çüwdürimlerine we heýkellere syn edip bolýar. Ýaşyl otlaryň üstünde açyk asmanyň astynda dynç almak mümkinçilikleride bardyr.

   Gelip çykyş taryhy: Amerikaly žurnalist we landşaft arhitektory Frederik Olmsted we iňlis arhitektory Kalwer Woks ýaryşda ýeňiji bolan seýilgäh üçin meýilnama düzdüler. Seýilgäh täzeden guruldy we seýilgähdäki binalaryň köpüsi dikeldildi. Diňe 2004-nji ýylda meýletinçiler oýun meýdançasyny, birnäçe gazony we daş belentlikleri dikeltmek ýaly 32,000 sagatdan gowrak wagt sarp etdiler.

   Açylyş sagatlary: Nýu-Ýork şäheride bolsaňyz, Manhetanyň merkezinde 59-njy we 110-njy köçeleriň arasynda ýerleşýän Merkezi seýilgähi tapmaklyk diýseň aňsat bolar. Seýilgäh her gün irden sagat 6:00-dan agşam 01:00-e çenli açykdyr. Giriş mugt.

   Gyzykly maglumatlar:

   Seýilgähde 250-den gowrak film surata düşürildi.

   Seýilgähde Nýu-Ýork şäheriniň 16 milliondan gowrak öýler ýerleşýär.

   Merkezi seýilgäh Monako şäherinden has uludyr.

  Häzirki wagtda Merkezi seýilgäh Nýu-Ýork şäheriniň buýsanjydyr. Seýilgäh ýylda 40 milliondan gowrak myhmany kabul edýär. Býudjeti ýylda 58,9 million $. Dünýäniň dürli künjeklerinden hünärmenler seýilgähi dolandyrmakda tejribe toplamak üçin Merkezi seýilgähe gelýärler. Elbetde, Nýu-Ýork şäherine baryp, Merkezi seýilgähini görmän gaýtmaklyk mümkin däl!