Törebeg hanymyň aramgähi diýlip atlandyrylýan ymarat Köneürgenjiň demirgazygynda ýerleşýär. Ymarat özüniň takyk deňagramlylygy, ýokary çeperçilik we ussatlyk bilen örülip çykarylmagy, bezegleriniň nepis we köp öwüşginliligi bilen Orta Aziýada deňitaýy bolmadyk bina hasap edilýär.
Halk içinde aramgähiň Törebeg hanymyň adyny götermeginiň ýörgünli rowaýaty bar: Şa gyzy Törebeg atasy ölenden soň durmuşa çykman oturypdyr. Ýurduň ýaşululary patyşa gyza durmuşa çykmagy ündäpdirler. Törebeg örän gazaply bolany üçin hiç kim oňa söz aýtmaga milt etmändir. Iň soňunda asly gul bolan bir mimar (binagär) nika teklibini aýdypdyr. Şonda Törebeg oňa «Sen hünäriňi görkezseň, bina eden ymaratyň meniň şanyma bolsa , men seniň ýaryň bolar men» – diýipmiş.
Mimar gul ymarat gurupdyr. Ol Törebegiň göwnünden turmandyr. Mimar soň ýene bir ymarat gurupdyr, ol hem patyşa gyza ýaramandyr. Üçinji bina edilen ymaraty Törebeg halapdyr, ýöne ol ussa beýik peştagyň üstünden ýere bökmegi buýrup, eger ölmän galsa, durmuşa çykjakdygyny aýdypdyr. Mimar peştagdan böküpdir, emma, ölmän titiräp ýatypdyr. Birnäçe gün geçen soň ýaşulular jem bolup, patyşa gyza: «Men özümi saňa bagyşladym» diýip, mimara eşitdirip, üç ýola aýtmasaň, ol gul hiç haçan amanadyny tabşyrmaz, sen hem bütin halkyň öňünde şermende bolarsyň – diýipdirler.
Törebeg mimaryň baş ujyna baryp «Men özümi saňa bagyşladym» diýip üç gezek aýdypdyr. Gul jan beripdir. Ony bina eden ymaratynyň ýerzemininde jaýlap, Törebeg hanym üçin hem orun goýupdyrlar. Patyşa gyzy Törebeg ölenden soň mimar guluň ýanynda jaýlanypdyr.
Törebeg hanymyň aramgähi Köneürgenjiň XIV asyrda, Altyn Ordadan gysga wagtlyk bolsada garaşsyzlygyny gazanan döwründe, Goňrat Sufileriniň ýerli nesilşalygy mahalynda bina edilýär. Onuň ady Köneürgenjiň hökümdary Gutluk Temiriň aýalynyň ady bilen baglanşyklydyr. Ýadygärligiň gurulan senesi XIV asyryň ikinji çärýegine degişli edilýär.
Aramgähiň peştagynyň tagçasynyň aşagy kiçiräk açyk eýwançany emele getirýär. Peştagyň ýüzünde bir wagtlar “П” harpy şekilinde tutuş ýazgylar bolupdyr. Tagçanyň aşagy we gapynyň üsti dürli reňkli syrçaly nagyşlar bilen doldurylypdyr.Peşdagyň ýüzündäki hatlardan birnäçe harp saklanyp galypdyr. Uly gapy bilen kiçiräk, däliz atly otaga girilýär. Däliziň üç sany gapysy bolup, öňdäki uly gapy zyýarathana, sagdaky, ýokary ykylýan köp öwrümli merdiwana, çepdäki, garawulhana alyp barýar. Zyýarathana girilende, beýleki köp nagyşlarda gözüň eglenmän, nazaryň gümmeziň astyndaky ajaýyp nagyşlar düşüp saklanýar. Sebäbi bezegler köp reňkli kaşaň syrçaly, geometrik suratly nagyşlardan ybarat. Göni we kese çyzyklar biribirinden geçip, dört, dokuz we on burçly ýyldyzlary emele getirýär.
Gümmeziň aý aýdyň gijäniň ýyldyzly asmanyny ýadyňa salýan bezegleri astronomiýa ylmyndaky on iki burça meňzeýär. Burçlary ýatladýan şekiller on iki jübüt bolup, aýal gyzlaryň gülýakasyna çalym edýär. Şol “gülýakalara” sahylyk bilen köp zer çaýylypdyr. Olaryň her biriniň ortasynda käsäniň ululygynda gaşy bolupdyr.
Gümmeziň guşagyndaky 12 sany we ymaratyň göwresindäki 8 sany penjirelerden düşýän şöhle bu ymaratyň içini Köneürgenjiň ähli ýadygärliklerinden ýagty edýär. Guşagyň penjireleriniň deňindäki nagyşlar ýerine otyrdylyp ýygnalmazdan öň, kerpiç örenler ussatlygyň ýokary derejesini görkezipdir. Bu ymaratda kerpiç bilen syrçaly nagyş bezegler sazlaşyp, biri beýlekisiniň üstüni doldurýar.
Ymaratyň demirgazyk tarapyndan üsti gümmezli bölegi bolupdyr we ol peştak
bilen tamamlanypdyr. Demirgazykdaky peştak günorta tarapdakydan birneme kiçi
bolupdyr. Ýer titremegi zerarly uly peştak sarsanda, kiçisi onuň agramyna ýykylan
bolmagy mümkin diýip çaklaýanlar hem bar