2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sergiler jaýynda türkmen-eýran bilelikdäki ýöriteleşdirilen moda we lybas sergisi dabaraly
ýagdaýda açyldy. Sergide doganlyk döwletleriniň gadymdan gelýän milli lybaslarynyň
aýratynlygy modalar arkaly görkezildi. Şeýle-de serginiň hünär ussatlyk sapaklary
tomaşaçylara ýetirildi.