Loading...
Gözýetim Ähli eýýamlaryň we ynsanlaryň şahyry "Medeniýet we syýahat" žurnaly
"Medeniýet we syýahat" žurnaly
22.10.2024

  Pyragynyň edebi döredijiligi ähli döwürlerde hem özüniň gadyr gymmatyny ýitirmän gelýär. Gaýtam, ýyllar, asyrlar aşan hem bolsa, dana Pyragynyň paýhasy siňen setirleriň okyjysy barha artýar. Biz munuň şeýledigini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde dabaralandyrylýandygynda hem görýäris.

  Magtymguly Pyragy özünden ozalky söz ussatlaryndan parasatly pikirleri bilen öňe saýlanyp, türkmenleri bir bitewi döwlet gurmaga çagyran beýik akyldardyr. Ol öz halkynyň azatlygyny we özbaşdaklygyny arzuw eden, halk arasynda beýik söýgä mynasyp bolan nusgawy şahyrdyr. Magtymguly özüniň dürdäne döredijiligi bilen adamkärçiligiň iň gowy sypatlaryny wasp edip, ulumsylyk edýänleri, tekepbirleri, şöhratparazlary, harsydünýäleri rehimsiz paş edipdir. Akyldar şahyryň:

                                                       Pyragy, yşga ugraşdym,

                                                       Derýa girdim, möwje düşdüm,

                                                       Hor galmasyn puştdan-puşdum,

                                                       Berkarar döwlet islärin

— diýen setirleri halky agzybirlige, bitewilige, özbaşdak döwlet gurmaga çagyryyňş senasy bolup ýaňlanýar.

  Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiliginde aýratyn orny eýeleýär. Ol bu temadan «Türkmeniň», «Ýeli Gürgeniň», «Depe nedir, düz nedir», «Öňi-ardy bilinmez», «Döker bolduk ýaşymyz», «Gidiji bolma», «Gözlär men», «Başy gerekdir», «Mert bolmaz» ýaly birnäçe goşgular döredipdir.

  Magtymguly Pyragy ähli eýýamlaryň we ynsanlaryň şahyrydyr. Şahyryň türkmen iliniň üsti bilen bütin adamzada azat, erkin bolmak baradaky şu setirlerdäki ýüzlenişi ony tutuş dünýäniň halklarynyň şahyrynyň derejesine göterýär:

                                                       Türkmen ilim, eý adamzat,

                                                       Azat il, güzer gözlärin.

  Şeýlelik-de Magtymguly ähli döwürleriň, halklaryň şahyry hökmünde tanalýar.

  Akyldaryň şygryýetine salgylanan, şahyr baradaky daşary ýurt ýazyjylary tarapyndan aýdylan sözler hem muny tassyklaýar.

  Belli gündogarşynas A. Krymskiý: «Magtymguly XVIII asyryň ikinji ýarymynda has şöhratlanan hem-de biri-biri syýasy taýdan baglanyşykly bolmadyk dagynyk türkmen tireleriniň hemmesi üçin deň derejede gymmatly we umumy şahyr hasaplanylýar» diýip belleýär.

  Çingiz Aýtmatow: «Men biziň Magtymgulymyz diýýän. Sebäbi şol döwürde, ýagny Magtymgulynyň döwründe ykbal çekip, edebiýatyň genisi hut türkmen topragynda döräpdir, orta Aziýada meşhur bolupdyr. Türkmen edebiýatynyň genisiniň şuglasy bizede, goňşulykdaky doganlyk halklara-da nuruny çaýýar. Şu pähimden ugur alanyňda, Türküstan XVIII asyr Magtymgulynyň poeziýasynyň asyrydyr».

  Arif Gajiýew: «Magtymgulynyň şahyrana eserleri yzygiderli suratda onuň öz ömür ýoluny, çylşyrymly dünýägaraýşynyň ewolýusiýasyny şöhlelendirýär. Megerem, wagtyň sosial mazmuny gündogar regionyň hiç bir şahyrynda edil Magtymgulydaky ýaly esasy orny eýelän däldir. Wagtyň umumylaşdyrylan sosial-etiki obrazy onuň poeziýasynda ähli çeperçilik öwüşginleri bilen görünýär».

  Arminiý Wamberiniň sözlerini ýatlasak ýerlikli bolar: «Beýleki bir tarapdan, Magtymgulynyň poemalar ýygyndysy adatdan daşary täsin. Birinjiden, olarda türkmen diliniň sap nusgalaryna häli-şindi gabat gelmek bolýar, ikinjiden bolsa, olarda dürlidümen takyk maglumatlar habar berilýär. Şolar ýaly bir anyklygy biz Gündogaryň beýleki şahyrlarynyň döreden eserlerinde örän seýrek duş gelýäris».

  Häzriki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynda oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda şahyrlaryň, terjimeçileriň, ylmy işgärleriň gatnaşmagynda çeper okaýyşlary, ylmy maslahatlary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly çäreleri guralýar. Bu bolsa türkmeniň edebi mirasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň, şöhratynyň arşa galýandygynyň güwäsidir.

  Milli gymmatlyklarymyza olary bütin dünýä ýaýmak ugrunda tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçmek baradaky başlangyçlary hem-de Köpetdagyň belent gerşinde akyldaryň ýadygärliginiň bina edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bir supranyň başyna jem bolan halkymyzyň kalbyny buýsanja besledi. Çünki Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda türkmeniň durmuş pelsepesini halka düşnükli dilde beýan edip, ýokary ahlak ýörelgeleriniň milli mekdebini kemala getiren beýik akyldardyr.

  Bu günki bagtyýar zamanamyzda Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany, dürdäne döredijiligi her bir ynsan, aýratyn-da, ýaş nesil üçin nusgalyk terbiýe mekdebidir. Akyldar atamyz öz döredijiliginde gaýratlylyk, sahawatlylyk, halallyk, päklik, lebzihalallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri tekrarlaýar. Magtymgulynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýän, adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, oňa estetiki lezzet berýän eserler milli terbiýäniň esaslaryny emele getirýär.

  Bu gün dana şahyryň döredijiligini dünýä ýüzi öwrenýär. Şygyrlary dünýäniň dürli dillerine terjime edilýär. Daşary ýurt döwletleriniň birnäçesinde akyldaryň adyny göterýän seýilgähler, köçeler, okuw mekdepleriniň bina edilmegi, heýkeliniň açylmagy ýaly dünýä ähmiýetli wakalar şahyryň hormatynyň belentliginiň nyşanydyr.

  Şygyrlary ýagty ýollarymyza şöhle saçýan, ýol-ýörelge mekdebe bolup durýan Pyragynyň mizemez döredijiligi ýaş nesiller üçin gymmatly hazynadyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä tanatmakda, onuň ruhuny tirsegine galdyran, edebi mirasyna bimöçber sarpa goýýan türkmen halkyny Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Gülperi Merdangeldiýewa

Magtymguly adyndaky türkmen döwlet

uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby