Loading...
Gözýetim Bütindünýä syýahatçylyk güni "Medeniýet we syýahat" žurnaly
"Medeniýet we syýahat" žurnaly
30.09.2024

 Her ýylyň 27-nji sentýabrynda Bütindünýä syýahatçylyk güni bellenilýär. Syýahatçylyk gatnaşyklarynyň giňden ösmegine ýöriteleşdirilen halkara guramalary ýardam berýärler. Olardan iň bir abraýlysy Bütindünýä syýahatçylyk guramasydyr (UNWTO), ol 1975-nji ýylda döredildi hem-de öz düzüminde dünýäniň 158 sany döwletini, şol sanda Türkmenistany hem birleşdirýär. BMGniň Baş Assambleýasy UNWTO-nyň syýahatçylygyň ösüşine jogap beriji hökümetara guramasy hökmünde derejesini ykrar etdi. Onuň karargähi Madrid şäherinde ýerleşýär.

    Şu günki günde syýahatçylyk dünýäniň galapyn döwletleriniň we sebitleriniň sosial ykdysady, medeni we syýasy işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Syýahatlar diňe bir lezzet we dynç alyş maksadyna gulluk etmän, eýsem häzirki zaman adamynyň ruhy, intellektual zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, adamyň fiziki güýjüni dikeltmek we ösdürmek, onuň ýaşaýyşa ukyplylyk derejesini goldamak bilen baglanyşykly ömrüniň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi.

 Häzirki wagtda Türkmenistanda syýahatçylyk pudagynyň ösüşi üçin ähli şertler döredilýär. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň, Dehistanyň, Abiwerdiň özboluşly taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, Jeýtun, Altyndepe, Amul, Marguş ýaly onlarça binagärlik we arheologiki ýadygärlikleri, orta asyrlar galalary, minaralary, metjitleri, mawzoleýleri, kerwensaraýlary daşary ýurtly syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär. Garagumdaky tebigy toplumlar – Badhyz, Repetek, Köýtendagyň haýran galdyryjy dag jülgeleri, Dinozawrlar platosy, Köpetdagyň owadan dag gowaklary, ýerasty köller, gözel şaglawuklar, Sumbaryň subtropiki jülgeleri – bularyň ählisi Türkmenistany jahankeşdeler üçin diýseň özüne çekiji edýär.