«Medeniýet we syýahat» žurnalynyň redaksiýasynyň
yglan eden «Ynsan kalbynyň öçmejek nury»
atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň
makalalaryny size ýetirýäris.
AKYL GÄMISINDE SYÝAHAT.
Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip, örän jaýdar belleýär. Hakykatdan-da, beýik şahyryň döredijiligine akylly başly göz aýlan islendik okyjy onuň beýan edýän paýhas-pikirleriniň ümmülmezligine, köp dürli mazmunlydygyna göz ýetirýär. Pyragynyň şygyrlary islendik adamy aň ýetmez giňişligine, akyl gämisinde syýahata çagyrýar.Şahyryň akyl gämisi okyjyny, bir görseň tebigatyň gözel ýerleri bilen tanyşdyrýar, bir görseň taryhy ýerlerden söz açyp seni beýik şahsyýetler bilen tanyşdyrýar, bir seretseň dünýä ýurtlaryna gaýwana syýahata eltýär. Şahyryň şygyrýet äleminiň ýene bir gymmatly taraplarynyň biri hem dünýäniň gizlin syrlaryna, jemgyýetiň gurluşynyň, adamzat ýaşaýşynyň çylşyrymly kada-kanunlaryna akyl ýetirmek barada pikir ýöretmegidir. Megerem şonuň üçindir şahyryň islendik şygry adamy aň ýetmez giňişlige syýahata çagyrýar. Magtymguly özüniň ýaşan döwründe dünýäniň birnäçe döwletlerinde bolupdyr. Şu günki günde alymlaryň bellemegine görä 200-den gowrak ýer ýurt atlary şahyryň şygyrlarynda getirilýär. Magtymguly Pyragynyň goşgularyny derňänimizde, onuň ömrüniň dowamynda dünýäniň dürli ýerlerinde bolandygy, onuň syýahatlary barada gysgaça maglumat bermäge mümkinçilik döredýär. Türkmenistanyň syýahatçylyk hakyndaky kanunyň 4-nji maddasynyň ikinji bendinde beýan edilişi ýaly, Syýahatçylygyň şu görnüşlerini görkezmek bolar: dynç alyş-sagaldyş, medeni-öwrenijilik, professional - işewürlik, bilim, durmuş, ekologik, sport, işjeň, zyýarat we beýleki görnüşler. Şol kanunyň 4-nji maddasynyň 1-nji bendinde Syýahatçylygyň kysymlary we görnüşleri öz beýanyny tapýar. Syýahatçylyk kysymlary Halkara syýahatçylyk we içerki syýahatçylykdan ybarat. Magtymguly atamyzyň syýhatlary biziň kanunymyzda görkezilen syýahatçylygyň aýry-aýry görnüşlerine gabat gelýär. Hat-da syýahatçylygyň kysymlaryna hem gabat gelip, halkara syýahatçylygy hem-de içerki syýahatçylygy amala aşyran jahankeşde şahyrdyr. Muňa mysal edip şahyryň:
Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Gül- gunçasy-gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.
goşgusyndaky setirlerde görnüşi ýaly şahyr syýahatçylyk kysymlarynyň içerki syýahatçylygyny amala aşyrýar. Akyldar şahyrymyz ýurdunyň çölleri, sähralary, gözel tebigaty, jana tenekar suwuny şeýle ýakymly sözler bilen beýan edýär. Diýmek, beýik türkmen akyldar şahyry ýurdumyzyň gözel ýerlerini şahyryň dili bilen aýdanymyzda, Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasyny gözi bilen görüp taryp edýär. Çünki bu gözellik gözüň bilen görüp wasp etmeseň, beýle joşmaklyk asla mümkin däl. Syýahatçylygyň Halkara syýhatçylygy hökmünde Hindistana eden syýahatyny görkezmek bolar. Muňa şahyryň «Nurana düşmez» atly goşgusyndaky setirler hem şaýatlyk edýär.
Gözüm görmüş Hindistan,
Eýran bilen hem Owgan
Umman, Hazar, Dehistan...
Ýörsem, mizana düşmez.
Şy goşgudan hem görnüşi ýaly şahyr Hindistana, Owganystana barandygyny beýan edýär. Diýmek, Magtyguly Pyragynyň şygyr setirlerinde we döredijiligini öwrenýän alymlaryň pikirinde beýan edilen maglumatlara göra, Magtymguly Pyragy Hindistana syýahat eden bolsa, ol gösden-göni halkara syýahatçylygy amala aşyran bolýar. Geçiren derňewimiziň dowamynda şahyryň goşgularynda syýahatçylygyň birnäçe görnüşlerini görmek mümkinçiligi ör boýuna galýar. Olardan mysal edip şu aşakdakylary görkezmek bolar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Ýaýlahlary bar» atly goşgusynda:
Sapar edip barsak Nuha Mülküne
Köňül isläni dek ýaýlahlary bar.
- diýmek bilen, häzirki Azerbaýjanyň ýerinde ýerleşýän Nuha welaýatyna barandygyny beýan edipdir. Magtymguly atamyz özüniň pähim-paýhasa ýugrulan setirlerinde Azerbaýjan döwletine myhman bolsaň ol ýerde Nuha atly ýeriň bardygyny ol ýere baranlar ruhy taýdan sagalýandyklaryny, kalplarynyň aram tapýandygyny özüniň goşgusynda açyk beýan edýär. Şahyryň gözlerinden hiç zat gaçmaýar. Özüniň goşgusynda diňe bir howanyň ýakymlydygyny beýan etmän, eýsem ol ýerde ösýän ösümliklere barada maglumat bermekligi başarypdyr. Şahyryň şygyryndan çen tutup aýtsak bärde syýahatçylyk kysymynyň halkara görnüşini we syýahatçylygyň zyýarat görnüşini görmek bolýar.
Zyýarat syýahatçylygy diýlip, mukaddes ýerlere baryp görmek we dini çärelere gatnaşmak maksatly syýahatçylygy düşünilýär. Şahyryň «Şirgazy» atly goşgusyny okanda syýahatçylygyň bilim görnüşi bilen baglanşýandygyny aýdyň görmek bolýar. Magtymguly Pyragy Hywada ýerleşýän Şirgazy medresesine okuwa girýär. Magtymguly Şirgazy medresesinde üç ýyl okaýar.
Mekan eýläp, üç ýyl iýdim duzuňy,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.
Ötürdim gyşyňy, nowruz-ýazyňy
Gider boldum,hoş gal,gözel Şirgazy.
Bilim syýahatçylygy diýlip, öwredijilik we ylmy maksatly amala aşyrylýan syýahatçylyga düşünilýär. Ekologik syýahatçylygy diýlip seýrek duş gelýän tebigy desgalara, goraghanalara, milli tebigy seýilgählere, şeýle hem tebigy goraýyş maksatly çärelere gatnaşmak maksady bilen amala aşyrylýan syýahatçylyga düşünilýär. Tebigat, onuň baýlyklary, olary rejeli ulanyp, gorap saklamagyň zerurlygy, baradaky maglumatlar watançy, tebigaty söýüji şahyr Magtymguly Pyragynyň hem durmuşyň ähli ugurlary bilen baglanyşykly ýazan şygyrlaryna siňipdir. Tebigat dag, suw, toprak, ýeriň üsti (relýefi), howa, ösümlik, haýwanat dünýäsi ýaly düzüjilerden (komponentlerden) durýar. Şahyr öz şygyrlarynda şularyň ählisiniň gurluşyny, aýratynlyklaryny, gözelliklerini guwanç bilen wasp etmegi başarypdyr. Beýik şahyryň «Dag saýar», «Duman göterler», «Zemine batar»,«Bolar sen», «Dünýä goluňdan», «Gara daşdan aýrylsa», «Atly ýaranlar», «Bolsun Pyragy» we beýleki şygyrlarynda daglaryň, topragyň emele gelşini, olaryň ewolýusiýasyny, ýeriň birnäçe gatlaklardan durýandygyny belläpdir. Ýurdunyň haýwanat dünýäsine uly sarpa goýandygy sebäpli, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ençemesi dogduk Diýarynyň haýwanat dünýäsine, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryna, ýaşaýşyna, ýaýraýşyna, ähmiýetine we olary gorap saklamagyň möhümligine bagyşlanypdyr. Ony şahyryň «Jan içinde», «Başy gerekdir», «Gözlär men», «Hasar dagy», «Gökje kepderi» we beýleki şygyrlaryny okanyňda göz ýetirmek bolýar. Geçirilen barlagyň netijesinde alnan maglumatlara laýyklykda, şahyryň şygyrlary derňenildi. Mundan başga-da şahyryň şygyrlarynda işjeň, zyýarat durmuş, syýahatçylygynyň özboluşly şöhlelenişini görmek bolýar. Akyldar şahyrymyzyň syýahatyny şygyrlarynyň üsti bilen derňämizde biz gönüden-göni syýahatçylygyň geografiýasy bilen dünýäni düşünmegiň çuňlugyna, bu syýahatlaryň şahyryň kalbynda galdyran dürli ajaýyplyklara şaýatlyk etdik. Şahyryň syýahatlary takyk we çuňňur aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.
Şahyryň köp ýurtlara syýahat etmegi dünýä medeniýetleri bilen tanyşmagy, şahyryň goşgularynyň giň dünýägaraýyşlydygynyň has çuň mana eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Megerem, şonuň üçin beýik akyldar şahyrymyz dünýä belli beýik şahsyýetdir. Ynsan kalbynda müdimilik orun alan beýik akyldardyr, dünýäniň köp ýurtlaryna syýahat eden jahankeşde şahyrdyr.
Gülşat PIRJANOWA
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň mugallymy