Loading...
Gözýetim Bagt adasy "Medeniýet we syýahat" žurnaly
"Medeniýet we syýahat" žurnaly
01.11.2024

  Hindi ummanyndaky Sokotra adasynyň, has takygy dört adadan ybarat arhipelagyň ady şeýle terjime edilýär. Bu ada Somaliniň we Ýemeniň kenarlaryndan birnäçe ýüz kilometr daşlykda ýerleşýär. Bu adanyň aýratynlygy – birnäçe million ýyllap bu ada beýleki ýerden üzňe ýagdaýda ýerleşýär. Şunuň netijesinde gadymy ösümlikleriň we haýwanlaryň köpüsi ilkibaşdaky görnüşinde saklanyp galypdyr.

  Bu ýere gelmek bilen, siz, takmynan, 10-20 million ýyl Ýeriň geçmişine düşersiňiz. Bu ýerde ähli zat öňküsi ýaly, diňe dinozawrlar ýetenok.