Türkmen
şekillendiriş sungatynda öçmejek yz galdyran suratkeşleriň biri Türkmenistanyň
halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, sungaty öwreniş
ylymlarynyň kandidaty, professor Aýhan Hajyýewdir.
A.Hajýyýew türkmen şekillendiriş sungatynyň milli mekdebiniň düýbini
tutujylaryň biri bolmak bilen, ýaş sungat nesilleriniň kemala gelmegini uly
goşant goşdy. Ol Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde 25 ýyldan gowrak wagt
zähmet çekip, şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny ýaşlara öwretdi. Onuň
ýetişdiren şägirtleriniň köpüsi häzirki milli şekillendiriş sungatymyzyň
görnükli wekilleridir. Halypa
suratkeşiň tagallalary bilen milli binagärlik sungatymyz hem ösüşiň täze
belentliklerine ýetdi.
Ol 1924-nji
ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda dünýä inýär. Aýhan Hajyýew 1937-nji ýylda,
heniz 13 ýaşyndaka Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen
“Çagalaryň şekillendiriş sungaty we edebi döredijili” atly bäsleşik-sergisine
gatnaşýar. Bu abraýly halkara çäresinde A.Hajyýewiň akwarelde çeken suratlary
2-nji orna mynasyp bolýar. Şoňa görä-de ýaş suratkeşiň döreden eserlerini
«Ýaşajyk suratkeş» («Юный художник») žurnalynda çap edilýär. Ol bu eserleriniň
birinde türkmen ýaşlarynyň ulular bilen bilelikde pagta ýygymyna goşýan
saldamly goşandyny ussatlyk bilen janlandyrýar. Suratkeşiň beýleki bir
suratynda bolsa türkmen tebigatynyň ajaýyplyklary ussatlyk bilen wasp edilip,
onda oba daýhanlarynyň bagyň saýasynda dynç alýan pursaty şekillendirilýär.
Aşgabadyň çagalar çeperçilik mekdebiniň taýýarlyk synpynda okaýan ýaş
suratkeşiň halkara çäresinde gazanan bu uly üstünligi, sungat ugrundan has çuň
bilim almaga ruhlandyrýar. Şoňa görä-de ol 1938-nji ýylda Ş.Rustawelli adyndaky
Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesine nakgaşçylyk hünärine okuwa girýär.
A.Hajyýewe öz döwrüniň meşhur sungat ussady, belli nakgaş Ý.P.Daneşwaryň
şägirdi bolup, ondan şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny öwrenmek bagty
nesip edýär. 1942-nji ýylda okuwyny tamamlansoň, ol Moskwanyň W.I.Surikow
adyndaky çeperçilik institutynda okuwyny dowam edýär.
Suratkeş talyplyk ýyllarynda P.Kotow, I.Çekmazow, W.W.Faworskaýa, P. D.
Pokaržewskiý ýaly ussat halypalaryň elinde tälim alyp alyp, sungatyň täsin
dünýäsine has içgin aralaşmaga mümkinçilik tapýar. Ol ýigrimi üç ýaşyndaka
ýene-de bir abraýly bäsleşigiň ýeňijisi bolmak bagtyna eýe bolýar. 1947-nji
ýylda ýaş suratkeşiň çeken suraty Gündogaryň akyldary, beýik söz ussady
Magtymguly Pyragynyň keşbini döretmekde baş baýraga mynasyp bolýar.
Şeýlelik-de, döredijilikli gözlegleriň netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly
Pyragynyň keşbi ilkinji gezek döredilýär.
A.Hajyýewiň ýokary okuw mekdebinde diplom işi hökmünde taýýarlan
«Halyçylar» atly eseri hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Şoňa görä-de, ýokary okuw
mekdebinde tälim beren halypa mugallymlary Aýhan Hajyýewe aspiranturada bilimini dowam
etmegi teklip edýärler. Onuň üstünlikli alyp baran ylmy-döredijilik işine ýokary
okuw mekdebine tälim beren halypasy P. D. Pokaržewskiý ýolbaşçylyk edýär.
A.Hajyýew öz ýatlamalarynda halypasyny ýagşylykda ýatlap şeýle ýazýar: “Ol
şägirtlerine berýän maslahatlarynda: «Eseriň esasy mazmunyny, manysyny öz
dogduk mekanynyň taryhyndan, halkyň ykbalyndan gözlemeli»-diýip ýaş
suratkeşleriň watanperwerlik terbiýesine güýçli tasir etmegi başarýardy”.
A.Hajyýew aspiranturada okan döwründe öz
halypalaryndan alan ylym-bilimlerini has çuňlaşdyrmagy başarýar. Aspiranturany
tamamlansoň, 1951-nji ýylda açylan Türkmenistanyň döwlet çeperçilik
akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde mugallym
bolup zähmet çekýär. Suratkeş talyplyk, aspirantlyk ýyllaryndan gazanan
ussatlyklaryny sungatyň ýaş nesillerine geçirmegi başarýar. A.Hajyýew milli
şekillendiriş sungatymyzda öz şägirtleriň her biriniň zehinine, başarjaňlygyna
hem-de zähmetsöýerligine görä, okuw-tälim bermegiň usylyýetini işläp düzýär.
Ussat halypa öz ýatlamalarynda bu barada şeýle ýazýar: «Her şägirdiň öz
dünýägaraýşy bar, olara düşünmek we gözleglerinde kömek etmek hakynda hemişe
oýlanýaryn». Halypanyň yhlasy myrat tapýar. Ondan tälim alan M.Mämmedow, D.
Baýramow, G. Ataýew ýaly belli suratkeşlerimiz milli şekillendiriş sungatymyza
önjeýli goşantlaryny goşdular.
A.Hajyýew özüniň döredijilik dünýäsini
baýlaşdyrmagyň üstünde yzygiderli işlän ussatlaryň biridir. Onuň eserlerinde
milli mirasymyzyň ajaýyplyklary, medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiniň
döwrebap öwüşginleri eriş-argaç bolup geçýär. Watanymyza, halkymyzyň taryhy
ykbalyna, ene topragymyzyň mukaddesligine, şan-şöhratly pederlerimize
bagyşlanan eserleri sungatysöýüjileriň kalplaryna aýratyn buýsanç paýlaýar.
Ussat suratkeş özüniň ajaýyp eserlerinde ýönekeý
oba adamlarynyň, zähmetsöýer halkyň waspyny ýetirip, atalarymyzyň asyrlarboýy
arzuwlap gelen ýurt Garaşsyzlygy, döwlet Berkararlygy baradaky beýik yhlasyny
aýdyň beýan etmegi başarýar. Nusgawy şahyrlarymyz bolan Magtymgulynyň,
Mollanepesiň kanoniki portretleri, Seýidiniň, Zeliliniň, Mätäjiniň keşpleri
halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Halypanyň «Bahar», «Bäşimiz», «Meňli», «Ilkinji
mugallym», «Magtymgulynyň portreti», «Mollanepesiň portreti» we başga-da
birnäçe eserleri halkara sergilerinde iň ýokary baha mynasyp boldy. Onuň
1986-njy ýylda taýýarlan «Ähli zat geçýär, ähli zat üýtgeýär» atly uly göwrümli
eserlerinde dünýä meşhur Parfiýanyň paýtagty Nusaý galalary we onda geçirilen
arheologiýa barlaglary ussatlyk bilen şekillendirilýär. Bu sungat eseriniň üsti
bilen halypa suratkeş taryhymyzyň şan-şöhratly geçmişini dünýä ýaýýar. Şoňa
görä-de, bu eser häzirki wagtda-da geçirilýän uly muzeý sergilerine aýratyn
öwüşgin çaýýar.
A.Hajyýewiň döreden eserleri Türkmenistanyň döwlet
muzeýlerinde, şeýle hem daşary ýurtlarda yzygiderli sergilenip, giň halk
köpçüligine ýetirilýär. Häzirki wagtda ussat suratkeşiň döreden segsenden
gowrak eseri Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty
muzeýiniň gaznasynda bar.
Ussat suratkeş A. Hajyýewiň bitiren hyzmatlaryna
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde uly sarpa goýulýar. Ol 1963-nji ýylda
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, 1967-nji ýylda Türkmenistanyň halk
suratkeşi, 1973-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň
eýesi, 1978-nji ýylda Türkmen döwlet politehniki institutynyň binagärçilik
kafedrasynyň professory, şeýle hem sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty diýen
ylmy derejeleriň we hormatly atlaryň, döwlet sylaglarynyň eýesidir.