Bu dürli reňkli gaýalar Hytaýyň Gansu welaýatynyň geologiki parkynda ýerleşýär. Özi-de, şeýle görnüşli diňler dünýäde başga hiç ýerde ýok.
Ýüzlerçe million ýyl mundan ozal bu ýerler deňziň düýbi bolupdyr. Ýöne, geologiki taýdan işjeň şol döwürlerde ýygy-ýygydan bolşy ýaly, deňiz gury ýere öwrülipdir, gyrmançanyň çökündileri bolsa gurapdyr. Elbetde, muňa suw we ýel öz täsirini ýetiripdir. Olar dürli reňkli çökündileri ýuwup çykarypdyr.
Indi munuň özi dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylary özüne çekýän täsin
ýere öwrüldi. Syýahatçylar üçin bu ýerde amatly ýodajyklar we syn ediş
meýdançalary guruldy. Bir mahallar bu ýerden meşhur Ýüpek ýoly geçipdir.