Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly
adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Daňatar Öwezow türkmen kompozitorçylyk
mekdebiniň ilkinji düýbüni tutanlaryň biridir. Milli saz sungatymyzda ilkinji operalaryň we
wokal-simfoniki eserleriň döredilmegi nusgawy kompozitoryň ady bilen baglydyr.
Daňatar Öwezow
1911-nji ýylda Marynyň Mülkýusup obasynda eneden bolýar. Orta bilimini
Daşkendiň mugallymçylyk tehnikumynda bilim alýar. Eýýäm şol ýyllardan başlap
Daňataryň saza bolan höwesi ýüze çykýar, onuň ilkinji ýazan eserleriniň biri -
üflenip çalynýan saz gurallary orkestri üçin «Türkmen marşydyr». 1930-njy ýylda
tehnikumy tamam- lap, D.Öwezow Aşgabada dolanyp gelýär we paýtagtyň
mugallymçylyk mekdebinde üflenip çalynýan saz gurallary orkestrini döredýär. Bu
ýerine ýetirijilik topar üçin ýaş kompozitor «Pyýala», «Sen-sen», «Bibi jan»,
«Bady saba», «Daş galdy» ýaly türkmen halk sazlaryny orkestr üçin täzeden
işleýär.
Saz bilimini
artdyrmak maksady bilen, D.Öwezow Leningradyň konserwatoriýasyna okuwa girýär
we şol ýerde «Seýdi» operasyny döretmäge girişýär. Emma Watançylyk urşunyň
başlanmagy sebäpli, awtor ilkinji türkmen operasyny tamamlap bilmändir.
D.Öwezow Aşgabatda açylan opera we balet teatrynda dirižýor bolup işleýär we
şol ýyllar A.Şapoşnikowyň, B.Şehteriň, B.Asafýewiň, A.Kulyýewiň eserlerini
sahnalaşdyrýar. Simfonik orkestri bilen işlemek, operanyň režissurasy we saz
dramaturgiýasy bilen tanyşmak türkmen kompozitorynyň döredijilik ukybynyň
kämilleşmegine mümkinçilik berdi. Şol ýyllarda D.Öwezow «Şasenem - Garyp»
operasyny döretmegi ýüregine düwýär.
Ilkinji türkmen
operalarynyň hatarynda bolan «Şasenem - Garyp» operasyny (G.Burunowyň
librettosyna) D.Öwezow A.Şapoşnikow bilen bilelikde ýazýar. Ony sahnalaşdyrmaga
režissýor A.Garlyýew, dirižýor H.Allanurow, şeýle-de belli professional
aýdymçylar - Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewa, Annagül
Annagulyýewa, Sona Myradowa, Hojaw Annadurdyýew, Ýolaman Hummaýew
gatnaşypdyrlar. «Şasenem - Garyp» operasynyň şowly geçen görkeziliş dabarasy
kompozitorda ýene-de sahna žanrynda eser ýazmaga höwes döredýär.
1946-njy ýylda
ol Ý.Meýtus bilen bilelikde G.Burunowyň librettosyna «Leýli - Mejnun» operasyny
ýazmaklyga girişýär. Meşhur dessan ýordumyna ýazylan bu eserde awtorlar halk
sazlaryna esaslanyp, nusgawy žanrlara mahsus bolan köpsesli hor we instrumental
bölümlerini girizýärler. Gahrymanlaryň ariýalarynda «Garybym», «Tünüderýa»,
«Janeýjan» we beýleki halk aýdym-sazlarynyň äheňleri ulanylan. Soňky ýyllarda
döredilen iri eserleriň biri G.Seýitliýewiň we G.Muhtarowyň librettosyna ýazylan
«Aýna» operasydyr. A. Şapoşnikow bilen bilelikde ýazylan bu operada awtorlar
hakyky şekilleriň we liriki duýgularyň üsti bilen türkmen halyçylarynyň
durmuşyny suratlandyrýarlar.
Kompozitoryň döredijilik mirasynyň aglaba bölegini hor
we wokal eserleri tutýar. Onuň ýokary baha mynasyp bolan «Dutaryň owazy»,
kantatasy «Köpetdag», «Näme üçin?», «Şetdaly», «Waharman», «Watan» ýaly
a’capella(akapella) we sazandarlyk edilýän hor eserleri türkmen saz sungatynda aýratyn
oma eýedir. D.Öwezowyň kantata we oratoriýa žanrlarynda hor ýokary kämillige
ýeten orkestr hökmünde kabul edilýär. Kompozitoryň wokal sazlary žanr babatda
dürli-dürlüdir. Magtymgulynyň, Mollanepesiň we beýleki nusgawy şahyrlaryň
eserleri, şeýle-de G.Seýitliýew, A.Kekilow, R.Seýidow, G. Bumnow ýaly döwürdeş
şahyrlaryň goşgularyny we içki dünýäsi boýunça D.Öwezowa ýakyndy. Meşhur
kompozitoryň aýdymlardyr romanslary we uly göwrümli wokal-simfoniki eserleri
mazmuny we saz çözgüdi boýunça dürli-dürlüdir. Emma olaryň ählisi ýurdumyzyň we
döwrümiziň hakyky şekillerini we belent ruhuny beýan etmäge gönükdirilendir.