Loading...
Gözýetim Ýapon bagyndaky Wisteria "Medeniýet we syýahat" žurnaly
"Medeniýet we syýahat" žurnaly
24.09.2024

   Ýaponiýada, Fukuoka welaýatynyň Kitakyusýu şäheriniň golaýyndaky Kýusýu adasynda kiçijik (takmynan 10 müň m2) hususy daglyk botanika bagy bar. Seýilgähiň gülleýän döwründe ýaponlar we daşary ýurtly myhmanlar üçin bu ýer hakyky zyýarat mekanyna öwrülýär. Munuň sebäpkäri bolsa Wisteria tunnelidir. Subtropiki çyrmaşyk ösümliginiň gülleýän döwründe, hoşboý ysly, melewşe reňkli gülleri bilen pajarlap ösýän baldaklary bolýar. Ösümlik näçe uly bolsa, şonça­da gülleri köp bolýar. 100 ýaşdan uly agaçlara aýratyn ähmiýet berilýär. Seýilgähde uzynlygy 80 m. we 220 m. bolan iki dürli ötük bolup olarda, takmynan 150 agaç (22 dürli wisteriýa) bar. Käbir ösümlikleriň ýaşy bir asyrdan-da geçýär. Ýapon medeniýetinde wisteria baldaklary poeziýany, zenan gözelligini we ýaşlygy alamatlandyrýar.