«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak, dana Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak hakynda tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň taryhy ähmiýetini edebi eserlerde çeper wasp etmek maksady bilen «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
«Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
- Bu döredijilik bäsleşigini «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň redaksiýasy geçirýär. Bäsleşige ýurdumyzyň çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz eserleri bilen gatnaşyp bilerler.
- Bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilýän eminler toparynyň düzümi «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan tassyklanylýar.
Bäsleşigiň şertleri
- Bäsleşige hödürlenilýän makalalarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýän watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik, agzybirlik ýaly belent pikirleriň manysy, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, dünýä ýüzünde hormatsarpasyny belende götermek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleri, şeýle-de Magtymgulynyň Pyragynyň ömri, paýhasly döredijilik dünýäsi çeper beýan edilmelidir.
- Eserleriň çeperçilik derejesine emin agzalary tarapyndan baha berilýär we eminleriň eserleri saýlamaklary arkaly ýeňijiler kesgitlenilýär.
- Döredijilik bäsleşigine makalalar hödürlenilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar görkezilen ugurlar boýunça özleriniň «Times New Roman» harp ýazuwynda 16-lyk ölçegde setir ara 1,0 görnüşde ýazylan 1 ýa-da 2 sany eserini hödürläp bilerler. Makalalaryň möçberi 3 sahypadan geçmeli däl. Bäsleşige öň metbugatda çap edilmedik eserler kabul edilýär.
-Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem goşmalydyrlar (Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýada okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri we pasportynyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki fotosuraty). Bäsleşige hödürlenilýän eserleri «medeniyetsyyahat@gmail.com» atly elektron salga ibermeli. Makalalar 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan 25-nji sentýabryna çenli kabul edilýär. Düzgünnamada göz öňünde tutulan şertler berjaý edilmän iberilen eserler bäsleşige gatnaşdyrylmaýar. - Bäsleşigiň jemleri 2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Bäsleşige ähli raýatlar gatnaşyp bilerler.
Habarlaşmak üçin,
«Medeniýet we syýahat» žurnalynyň redaksiýasy,
telefon belgileri: 92-21-15, 44-01-40, 44-01-3